Halkymyzyň milli däpleriniň taryhy kökleri dogrusynda söhbet
TÜRKMENISTAN döwletimiz Hindistan we Ýakyn Gündogar bilen bir hatarda dünýäde ilkinji döwletleriň döräp, kämilleşen sebitleri hasaplanylýar. Şol wagtdan başlap, ata-babalarymyz her döwürde köpdürli halklary birleşdirýän beýik döwletleri gurupdyrlar. Olar hiç haçan gaýry ýurtlaryň ilçileriniň mertebesine şek ýetirmändirler. Iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnamalary birkemsiz berjaý edipdirler. Bu däbiň gözbaşy gojaman gadymyýetden başlanýar. Jahankeşde W.A.Tugan Mirza Baranowskiý her bir türkmeniň söz berse, ony hiç haçan, hatda öz janyna we azatlygyna wehim salynsa-da, bozmaýandygy barada ýazgy galdyrypdyr. Türkmenler sypaýylygyny, myhmansöýerlik däbini ähli döwürlerde saklapdyrlar. MyhmanÝaradanyň iberen adamy diýlip hasap edilipdir. Şonuň üçin biziň ilde dil biten çagadan başlap, gojalara çenli hemmeler «Myhman ataňdan uly» diýen nakyly bilýär we oňa eýerýär.
Ýunanly we rimli taryhçylar türkmenleriň rehimdardygyny, ata-enä sarpa goýýandygyny we aýal-gyzlarynyň edep-ekramlydygyny belläpdirler. Miladynyň başynda rim taryhçysy Pompeý Trog ata-babalarymyz hakynda şeýle ýazýar: «Adalatlylyk diýen düşünje olara (türkmenlere) kanunlar bilen öwredilmän, eýsem, olaryň aňyýetiniň miwesidir. Kişiniň zadyna el gatmak olarda iň agyr günä hasaplanylýar. Eger beýleki döwletlerde-de kişiniň maly babatda şunuň ýaly durnuklylyk we halallyk bolsady, elbetde, ähli asyrlarda we ähli ülkelerde munça jeň-dawalar bolmazdy». Islendik daşary ýurtly täjir ýa-da jahankeşde türkmenleriň ýerlerinden öz janyna ýa emlägine howpuň abanmagyndan howatyr etmän arkaýyn geçip bilipdir. Ekinleriň hasyly az bolan ýyllarda ilata azyk we un mugt berlipdir, sadaka paýlamak üçin ýüzlerçe müň dowar öldürilipdir.
Pars taryhçysy al-Hüseýniý seljuk türkmenleriniň beýik soltanlygynyň hökümdary bolan Alp Arslan hakynda şeýle ýazýar: «Soltan Alp Arslan döwleti dolandyrmakda özbaşdak bolup, tagta çykanda, raýatlaryny adalat ganatlary bilen penalady we olara rehimdarlyk hem-de sahawat görkezdi. Ol raýatlaryny salgydy ýylda iki gezek tölemekden boşatdy». Alp Arslanyň ogly Mälikşa hem ynsanperwer hökümdar bolup, ata-babalarymyzyň däplerini dowam edipdir. Ol gallaçy babadaýhanlary elinden geldiginden höweslendiripdir, olara däne we azaldyr künde kömegini beripdir. XIII asyrda ýaşan şamly taryhçy Kamal ad-Din Mälikşanyň öz raýatlaryndan bir dirhemi-de zorluk bilen almandygy hakynda ýazypdyr. Pars, şam, arap, horasan taryhçylary Mälikşanyň Gündogaryň iň adalatly hökümdary bolandygyny belleýärler. Orta asyrlarda ýaşan ermeni taryhçysy Kirakos Gandzakesi bolsa ol barada şeýle ýazýar: «Ol ýer ýüzüni örän gysga möhletde uruş we zorluk bilen däl-de, has dogrusy, mähremlik we mylakatlylyk bilen özüne tabyn etdi». Brokgauzyň we Ýefronyň 1902-nji ýyldaky ensiklopedik sözlüginde (34-nji jilt) türkmenler hakynda şeýle aýdylýar: «Türkmenleriň häsiýetiniň agdyklyk edýän aýratynlygy — hoşniýetlilik, ýumşaklyk, özüni gurban etmekden gaýtmajak derejede myhmansöýerlik, hatda duşman barada bolsa-da, dogrusözlülik, halallyk, hyruçlylyk, şeýle hem bulary gaýduwsyzlyk, batyrlyk, edermenlik, gerek bolanda özüňi goramagy başarmak ýaly häsiýetler bezeýär».
Türkmenler myhmana uly hormat goýupdyrlar. Hatda duşmany öýüne myhman bolup gelse-de, onuň hununy geçipdir. Ýa-da myhman bir etmişli bolup gelse, öý eýesi ony yzyndan öç almaga gelenleriň eline bermändir. Ata-babalarymyz myhman garşylamagy häsiýetine siňdiripdirler. Şuňa görä her gün nahar bişirilende, «myhmanpaýy» goşulyp bişirilipdir.
Aziza ELLIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
18.10.2018ý.