MUZEÝ GYMMATLYKLARY — HALKYMYZYŇ BAÝLYGY

MILLI medeni mirasymyzy çuň we köptaraply öwrenmek hem-de onuň ösüş ugurlaryny kesgitlemek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe möhüm ähmiýete eýedir. Mähriban Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösmegi bilen muzeý ulgamynda-da milli mirasymyzy saklamagyň, ony ylmy esasda düýpli öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň häzirki zaman mümkinçiliklerinden peýdalanyp, muzeý işiniň ussatlary gündelik alyp barýan işlerine has-da jogapkärçilikli çemeleşýärler. Türkmenler öz taryhynda şekillendiriş sungatyna uly orun beren millet hökmünde giňden tanalýar. Şekillendiriş sungatyna degişli eserler umumadamzada degişli ajaýyp gözellikleri beýan edýär, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ruhubelentligi, dostlugy-doganlygy, päk ahlaklylygy, Watana, ata-enä, durmuşa, tebigata çäksiz söýgini terbiýeleýär.

Ata-babalarymyz tarapyndan sünnälenip ýerine ýetirilen taryhy we medeni gymmatlyklarymyz ylmy taýdan öwrenilýär. Türkmen halky asyrlarboýy öz gadymy taryhyny, medeni we milli gymmatlyklaryny, urp-adatlaryny aýap saklap, olaryň durmuşdaky tutýan ornuny, ähmiýetini kesgitläp gelipdirler. Ýurdumyzyň dünýä derejesinde gurlan ajaýyp muzeýlerinde jemlenip ýygnalan, aýawly saklanýan, ylmy taýdan öwrenilýän hem-de halka ýetirilýän muzeý gymmatlyklary munuň janly şaýadydyr.

Biziň muzeýimizde gadymy Marguşdan, Köne we Täze Nusaýdan, Ýylgynly depeden, hem-de Meleheýrandan tapylan tapyndylar ýurdumyzda şekillendiriş sungatynyň iň bir ajaýyp nusgalarynyň hatarynda durýar. Täze tapylan muzeý gymmatlyklary türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny we onuň siwilizasiýasyny tassyklaýan hem-de umumadamzat jemgyýetiniň aňyýetini, medeniýetini baýlaşdyrýan mukaddes hazynadyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Türkmenistanyň taryhy-da şol häsiýetlere eýe bolan umumy taryhyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmen-polýak arheologiýa ekspedisiýasy tarapyndan 2001-nji ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde üsti açylan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndan, takmynan, 15 km gündogarda ýerleşýän Meleheýran taryhy ýadygärliginden ýüzi güberçek kesilip nagyşlanan panno tapyldy. Bu tapyndy şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň biri bolup, ol Ot ybadathanasynyň içini bezäpdir. Meleheýran taryhy ýadygärliginiň biziň eýýamymyzyň II-V asyrlaryna degişlidigi anyklanyldy. Türkmen-polýak ekspedisiýasynyň rejeleýji hünärmeni Maigo-jata Soits tarapyndan dikeldiş işleri geçirilenden soň, 2007-nji ýylda muzeýe tabşyrylan, pannonyň uzynlygy 3,08 m, beýikligi 0,88 m, ini 0,6 m barabar bolup, gündogar ýüzünde gips suwagynyň üstünde güberçek görnüşli ýerine ýetirilen owadan nagyş bar. Şekillendiriş sungatynyň şeýle ajaýyp eseri kesilip nagyşlanan bezegleriň ýerli usullarynyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. XI-XII asyrlaryň arhitekturasynda olar gülläp ösüpdir. Şol mekdepleriň ussatlary diňe bir öz dogduk diýarynyň çäklerinde däl-de, eýsem onuň çäginden has alyslarda-da ajaýyp ýadygärlikleriň ençemesini döredipdirler. Nagyşlar gül şekilli äheňlerde gipsiň ýüzünde güberçek örtük görnüşde şekillendirilipdir. Nagyşly örtükler pannonyň ýüzünde iki hatara düzülip, olaryň arasynda inçejik göni zolak geçirilipdir, ýokary hataryndaky nagyşlar aşaky bölegindäki şekillere meňzeş. Meleheýran ýadygärliginden tapylan bezegli pannonyň ýüzündäki gül we ösümlik äheňindäki şekiller şol döwürlerden biziň günlerimize ýetip gelipdir. Olary häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň şaý-sepleriniň ýüzünde görmek bolýar. Alymlaryň pikirine görä, bu ýüzi şekilli suratlar keramatly ot saklanylýan otagyň öňünde bolmak bilen ybadathana gelen zyýaratçylary eýwanda saklap, olara sadakalaryny goýmaga mümkinçilik beripdir. Tapyndylar şol ýerlerde söwdanyň, senetçiligiň ösendigini, hünär ussatlarynyň bolandygyny tassyklaýarlar.

Türkmenistan döwletimizde milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen medeni ojaklarymyzyň taryhyny ylmy esasda öwrenmeklige, olary umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde gorap saklamaga, şu günki hem geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Saparmämmet MEREDOW,

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty

muzeýiniň direktory.

“Nesil” gazeti,

18.10.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI