Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga goltgy berýär, olaryň Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga özboluşly goşant goşmaklaryna giň ýol açýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýän hormatly Prezidentimiz ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 3 fakultet hereket edip, olarda 12 dil boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Institutymyzda diňe dil öwrenmek bilen çäklenilmän, eýsem, öwrenilýän dilde gürleýän halklaryň milli gymmatlyklaryny, gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlaryny, taryhy gelip çykyşyny, sungatyny, medeniýetini, edebiýatyny çuňňur özleşdirmek, dil goruny baýlaşdyrmak maksady bilen, hünär edebiýaty boýunça dürli temalary saýlap, şol temalar esasynda täzeçillige ýugrulan ylmy işleri ýazýarys. Men hem 2018- nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen Ýaş alymlaryň bäsleşigine «Türkmen we koreý milli däplerindäki umumylyklar» atly ylmy işim bilen gatnaşyp ýeňiji boldum we Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.
2008-nji ýylda koreý dili Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna hünär dili hökmünde girizildi. Bu diliň ýurdumyzda ýokary derejede öwredilip başlanmagy döwletara gatnaşyklaryň has-da berkemegine oňaýly täsir etdi. Talyp ýaşlaryň koreý dilini düýpli we kämil derejede öwrenmekleri üçin Koreýadan gelen professor-mugallymlar bilim berýär. Talyplarymyz ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen lingafon otaglarynda okaýarlar.
Her ýylda institutymyzda koreý dili boýunça «Suhangöýlük sungaty» atly bäsleşik, koreý halkynyň milli naharlaryny taýýarlamak ýaryşlary, öz hünär diliňde goşgy okamak, düzme ýazmak ýaly ençeme gyzykly bäsleşikler geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesliň öz saýlap alan hünärine bolan höwesini has-da artdyrýar.
Öwrenýän dilimizde gürleýän halkyň medeniýeti, durmuşy bilen tanyşmak, şeýle-de umumy nazaryýetde alan bilimimizi amaly tejribede ulanmak üçin daşary ýurtlara okuw maksatnamasy esasynda sapara gitmek mümkinçiligi döredilýär. Maňa hem 2016-njy ýylda «Aziýanyň geljegi — ýaşlar» ady bilen Günorta Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen festiwala gatnaşmak miýesser etdi. Bu bolsa maňa geljekki dilçi, terjimeçi hökmünde uly tejribe boldy.
Adamlaryň durmuşyna peýda getirip biljek ylym hemişe oňat netije berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, her bir zat, şol sanda ylym hem adamlaryň bagtly durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrylmalydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sagdyn ruhly, döwrebap dünýägaraýyşly, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin uly işleriň amala aşyrylmagy eýýäm döwletimiziň ylym ýolunda uly ädimleri ädýändiginden habar berýär. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesliň ylym-bilim almagy üçin ähli amatly şertler döredildi, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen ylym-bilim edaralary gurlup, ulanmaga berildi, birnäçeleriniň durky täzelenip döwrebaplaşdyryldy.
Ýakynda Aşgabat şäherinde Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisi we onuň çäklerindäki çäreler geçirildi. Bu wajyp çärä biziň meýletinçi bolup gatnaşmagymyz juda buýsançlydyr. Men Koreýa Respublikasyndan gelen wekilleriň ýanynda meýletinçi-terjimeçi bolup işledim. Hususan-da, Koreýanyň Teleradiogepleşikler Ulgamynda (Korean Broadcasting System) zähmet çekýän hünärmenleriň ýanynda meýletinçi bolmak has hem gyzykly boldy. Daşary ýurtly wekiller ýurdumyzyň sanlyja ýyllaryň içinde belent sepgitlere ýetenligine diýseň haýran galdylar. Şeýle hem Aşgabat şäherimiziň owadanlygy, kaşaň binalaryň haýran galdyryjylygy, paýtagtymyzyň arassalygy barada öz gürrüňlerinde beýan etdiler.
Gülälek MUKYMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
23.10.2018ý.