HALKLARY BIRLEŞDIRÝÄN KÖPRI

Medeniýetiň, sungatyň üsti bilen halklaryň arasyndaky dost-doganlyga giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasyndan ugur alyp, 20-nji oktýabrda medeniýet we sungat wekilleriniň uly topary bilen Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine tarap ugradyk. Uçardan düşen badymyza bizi güler ýüz, duz-çörek bilen mähirli garşyladylar.

Ertesi Moskwa şäheriniň Bütinrussiýa amaly-haşam we halk sungatynyň muzeýinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» at bilen ýurdumyzyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi hem-de fotosergi öz işine başlady. Dostlukly döwletde Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan bu serginiň iki güni hem köp adamly boldy. Ruhy we milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän haly we haly önümleri, milli lybaslardyr şaý-sepler halkymyzyň dostluk salamy bolup, bu ýere gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy rus paýtagtynyň Lýudmila Rýuminanyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet folklor merkezinde boldy. Onda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary görkezildi. Tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlan bu çärä rus topragynda bilim alýan türkmen talyplary hem uly höwes bilen gatnaşdylar.

Duşenbe güni medeniýet hem-de sungat wekiliýetimiz demir ýol ulagy bilen Moskwadan ýurduň ikinji paýtagty diýlip atlandyrylýan Sankt-Peterburga tarap ýola düşdi. Biz bu ýerde şäheriň gözel ýerlerine, taryhy-medeni ýadygärliklerine baryp gördük.

Ertesi günüň ikinji ýarymynda W.F.Komissaržewskaýa adyndaky akademiki drama teatrynda türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Oňa şäheriň ýaşaýjylary we sungat muşdaklary gatnaşdylar. Olaryň halkymyzyň millilige ýugrulan lybaslaryna we aýdym-sazlaryna diýseň uly gyzyklanma bildirýändiklerini görmek kalbyňda täsin hem ýakymly duýgulara ýol açýar.

Bu konsert Russiýa Federasiýasyndaky örän üstünlikli geçen Medeniýet günleriniň jemleýji dabarasyna öwrüldi.

Orazmyrat MYRADOW,

“Nesil” gazeti,

25.10.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1174 okalan

ENE HÜWDÜSI