SUWY TYGŞYTLY PEÝDALANMAK

BERKARAR döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş hal-ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, önümçilik-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da kämilleşdirilmegi netijesinde daýhanlarymyza toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döwletimiz oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ol ekerançylygyň, guşçulygyň, maldarçylygyň, azyk we oba hojalygynyň beýleki pudaklarynyň önümçilik düzümini tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýumlarynda öz beýanyny tapýar. Suw üpjünçiligini hem-de oba hojalyk ýerleriniň meliorasiýasyny gowulandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak babatda anyk çäreler görülýär. Ýer-suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň ösdürilmegine, innowasiýalaryň, täze ylmy-tehniki işleriň, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, obalarda durmuş meseleleriniň çözülmegine aýratyn üns berilýär.

Ýaňy-ýakynda bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu pudagyň işine täze depgin berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin uly ähmiýetli, özüniň birnäçe tekliplerini hödürledi. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» Kararynda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmeklige gönükdirilen täze ilerlemelerini durmuşa geçirmek maksady bilen 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky üçünji maslahatynda «Ýerleriň meliorasiýasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu Kanun ýerlerde meliorasiýa işlerini geçirmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esasyny kesgitleýär, bu ulgamda döreýän gatnaşyklary kadalaşdyrýar.

Milli Liderimiz 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwaryş we zeýkeş akabalaryny arassalamak, suw üpjünçiligini kämilleşdirmek maksady bilen, daýhan birleşiklerine hem-de hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we ylmy-barlag institutlaryna suw hojalyk işlerinde ulanyljak ýer gazýan tehnikalary we buldozerleri satyn almak üçin, 10 ýyl möhlete çenli, ýylda 1 göterim ýeňillikli bank karzlaryny bermeli» diýip belledi.

Türkmenistanda ýerleriň meliorasiýasyna, şol sanda ekin meýdanlarynyň suwarylmagyna, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine we beýleki gidrotehniki desgalaryň — suw howdanlarynyň, bentleriň, suw galdyryjy beketleriň gurulmagyna, şeýle hem tokaý gorag zolagynyň döredilmegine, suw serişdelerini tygşytlaýan, topragyň önümliligini ýokarlandyrýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem milli Liderimiziň howandarlygynda gurluşygy alnyp barylýan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi hem ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegine, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen ýurdumyzyň çägindäki zeý suwlary gaýtadan işlemäge, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga, şol bir wagtda sebitiň suw gorlaryny aýawly saklamaga oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk önümleriniň käbir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde az duzlaşan zeýkeş suwlaryny gaýtadan peýdalanmak maksady bilen lagym suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, ilat sanynyň artmagy halk hojalygynyň suwa bolan isleginiň artmagyna getirýär. Mälim bolşy ýaly, şäherleriň, obalaryň, senagatyň, oba hojalygynyň we başga pudaklaryň lagym suwlary tebigata gaýtarylyp berilýär. Adamlaryň halk hojalygynda ulanýan suwlarynyň arassalanmagy tebigatyň öz-özünden geçirýän arassalaýyş häsiýetine baglydyr. Gün şöhlesiniň, suwdaky we toprakdaky mikroorganizmleriň, şeýle hem suwy kislorod bilen baýlaşdyrmakda esasy orun tutýan ösümlikleriň işiniň netijesinde arassalanýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanda suw baýlyklarynyň mukdaryny we hilini saklamaklyga, dikeltmeklige we gowulandyrmaklyga gönükdirilen suw goraýyş çäreleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Suwuň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen häzirki wagtda hapalanan suwlar üçin arassalaýjy desgalary gurmak, senagatda suwsuz tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw üpjünçilik ulgamlarynda aýlaw we suwy gaýtadan ulanylýan ugurlary peýdalanmak, suw goraýyş zolaklaryny bellemek, suw serişdelerini arassa saklamakda ylmyň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ornaşdyrmak ýaly çäreler ýurdumyzyň halk hojalygynda yzygiderli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň suw baýlyklaryny goramakda oba hojalygynda görülýän guramaçylyk, agrotehniki, agrotokaý çäreleri aýratyn bellärliklidir. Ekin meýdanlarynda suwa zyýanly täsiri pes bolan mineral dökünleri peýdalanmak, himiki serişdeler peýdalanylanda, daşalanda hökmany ýagdaýda tehnologiýa düzgünlerini berjaý etmek işleri amala aşyrylýar. Ýerüsti suwlaryň akymlaryny sazlamak maksady bilen ekin meýdanlaryny goraýan tokaý zolaklarynyň döredilmegi bolsa ekerançylykda suwy goramaklyga gönükdirilen wajyp çäreleriň biridir.

«Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bolsa, ýurdumyzyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmegiň hukuk kepili bolup hyzmat edýär. Elbetde, döwletimizde raýatlaryň suw bilen üpjünçiligini kanagatlandyrmaga gönükdirilen şeýle hukuk resminamalarynyň kabul edilmegi adamlaryň suwy rejeli peýdalanmaklyga we ony goramaklyga bolan borçlaryny ýüze çykarýar. Şeýle hem «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasynda» raýatlarymyzy arassa halkara ölçeglerine laýyk gelýän agyz suwy bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlaryň ählisinde suw arassalaýjy we süýjediji desgalar gurulýar we suw arassalaýjy desgalaryň, şeýle-de suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Suw kodeksinde suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we goramagyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen guramaçylyk, hukuk, ykdysady we terbiýeçilik taýdan täsir ediş çäreleri göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suw gorlaryny goramaklyga we rejeli peýdalanmaklyga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagy, suwdan peýdalanmagyň täzeçe gurnalmagy hem-de onuň hukuk taýdan üpjün edilmegi netijesinde ýurdumyzda suw baýlyklaryny tygşytlamaga hem-de Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň suwa bolan islegini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Arslan MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we

demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

27.10.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI