Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde häzirki wagtda türkmen ylmynyň geljegi bolan ýaş alymlary taýýarlamakda birnäçe işleri alyp barýar. Bu merkeziň her bir ýokary okuw mekdebinde, ylmy-barlag institutlarynda we ylmy edaralarda döredilmegi ylmy işleriň köpugurly ýerine ýetirilmegine uly itergi berdi. Biziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň Ýaş alymlar Geňeşinde hem ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryndan ylmy işler ýaşlar tarapyndan alnyp barylýar. Institutymyzda «Ýaş binagär», «Ýaş inžener», «Awtomatika we programmirleme», «Ýol gurluşykçy», «Ýaş himikler» we «Ýaş ykdysatçy» ýaly gurnaklar hereket edip, olarda talyp ýaşlar we mugallymlar özleriniň ylmy işlerini alyp barýarlar. Bu gurnaklara institutymyzyň talyp ýaşlary höwes bilen gatnaşyp, olaryň içinde birnäçesi ýurdumyzda geçirilýän taslama bäsleşiklerinde abraýly orunlara mynasyp bolýarlar. Institutyň çäginde Ýaş alymlar Geňeşine degişli «Gurluşyk okuw merkezi», «Metallary basyş bilen işläp bejermegiň tehnologiýasy merkezi» we «Binagärlik okuw merkezi» ady bilen okuw ussahanalary hem hereket edýär. Bu merkezlerde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryna degişli maket taslama işleri, senagat harytlarynyň täze oýlap tapyşlary, himiýa pudagynda we gurluşyk ulgamynda ulanylýan materiallaryň önümçiligine degişli birnäçe ylmy işler alnyp barylýar.
Institutymyzyň ýaşlarynyň ýurdumyzda geçirilýän ylmy, taslama we sergi bäsleşiklerinde öňdäki abraýly orunlara mynasyp bolmaklary bizi has-da begendirýär. Döwrebap köçelerimizde bina edilip, ak şäherimiz Aşgabadyň bezegine bezeg goşýan «Alaw», «Dowamat» we beýleki birnäçe binalaryň taslamalary institutymyzyň ýaşlary tarapyndan hödürlendi. Gurluşyk pudagynyň häzirki ösüşine nazar aýlasaň, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarsyň. Ähli amatlyklary öz içinde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, olaryň gurluşygynyň tapgyrma-tapgyr amala aşyrylmagy ýurdumyzyň görküne görk goşýar.
Şeýle-de, milli Liderimiziň pähim-parasadyndan joşup çykan ajaýyp kitaplarynyň biziň ylmy işlerimizi amala aşyrmakdaky ähmiýetiniň uludygyny nygtamak zerur. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary biziň alyp barýan ylmy işlerimizde aýratyn orun tutýar. Kitapda ýerleşdirilen taryhy ýadygärliklerde ulanylan binagärlik usullaryny, ondaky nagyşlary biziň ýaş binagärlerimiz özleriniň ylmy işlerinde giňden peýdalanýarlar. Olaryň üstünde işläp, öwrenip we häzirki gurulýan binalarymyzda şol gymmatlyklary ulanmak biziň mukaddes borjumyzdyr. Ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabyň ahyrynda «Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly arheologiýa we etnografiýa adalgalarynyň gysgaça sözlügi» atly bölümçe ýerleşdirilipdir. Ynha, şol ýerden hem birnäçe soraglara jogap tapmak mümkin. Öň gadymy Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly sözler duşanda birnäçe sahypalary agtarmaly bolsak, indi şol sözleri hormatly Prezidentimiziň kitabyndan aňsatlyk bilen alyp bileris. Gadymy pul birlikleriniň, birnäçe ölçegleriň we ölçeg enjamlarynyň şol döwürlerde atlandyrylyşy, kerwen ýollary we kerwenler bilen baglanyşykly sözler kitapda ýerleşdirilipdir. Bu bolsa binagärlik, gurluşyk, ýol gurluşygy ugurlaryndan ylmy işleri alyp barýan ýaşlarymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Ýurdumyzda ýaşlarymyza ylmy işleri dürli ugurlardan alyp barmaklyga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janysag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işlerielmydama rowaçlyklara beslensin.
Babajan BEKMURZAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy, institutyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
30.10.2018ý.