ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde halk hojalygynyň pudaklarynyň ykdysady kuwwaty yzygiderli artdyrylýar. Durmuşyň ähli ugurlaryny ösdürmek we halkyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli özgerişlikler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köp ugurly özgertmelerde bank ulgamynyň mynasyp orun tutýanlygy aýratyn bellärliklidir. Ykdysadyýeti düzümleýin özgertmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde bank ulgamy hem öz saldamly goşandyny goşýar.

Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, döwletimiz bazar ykdysadyýetiniň hiç bir döwletiňkä meňzemeýän türkmen nusgasyny saýlady, milli däp-dessurlarymyzdan, ýol-ýörelgelerimizden ugur alýan milli nyşanlarymyz döredildi. Şolaryň hatarynda täze türkmen milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Milli manadymyz özbaşdak döwletimiziň möhüm nyşanlarynyň birine öwrüldi. Döwletimiziň aýratyn pul birliginiň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzda özbaşdak pul-karz syýasatyny geçirmäge, ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzyň milli pul birliginiň üstünlikli geçirilen denominasiýasynyň netijesinde nagt däl hasaplaşyklary geçirmek, buhgalter hasabyny we statistiki hasabatlary düzmeklik bilen baglanyşykly işler has-da aňsatlaşdy we ýönekeý häsiýete eýe boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bank ulgamynda milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň süýşürintgilerini goýumlara çekmek bilen olary bank tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek ýaly wajyp ugurlarda düýpli işler durmuşa ornaşdyryldy. Bank pudagyny kämilleşdirmek ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulmagynyň ýolundaky ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ykdysadyýetiň hususy eýeçilige degişli böleginiň hem ösmeginde bank hyzmatlary uly ähmiýete eýedir. Bank ulgamy tarapyndan berilýän ýeňillikli karz serişdeleri ýurdumyzda hususy önüm öndürijileriň bäsleşige ukyply önümleri öndürmeklerine şert döredip, ýerli çig malyň hasabyna öndürilen ýokary hilli harytlar bilen içerki bazarymyzyň doldurylmagyny üpjün edýär hem-de bazardaky nyrhlaryň pes derejede saklanmagyna mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek maksady bilen, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligi ösdürmek we täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýän maýa goýum taslamalary şu günki günde öz ýokary netijelerini görkezýär.

Milli pul birligimiziň hümmetiniň ýokarlanmagy döwletimiziň ösüşiniň ykdysady görkezijileri bilen berk baglanyşyklydyr. Döwletimiziň syýasy durnuklylygy we özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hem-de maýadarlar üçin goýum taslamalaryny amala aşyrmaga döredilýän amatly mümkinçilikler dünýä döwletleriniň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge isleglerini artdyrýar.

Dünýäniň iň abraýly maliýe-karz institutlary bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, maliýe-bank ulgamynyň işine girizmäge mümkinçilik berýär. Dünýäniň Halkara maliýe guramalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijelerine ýokary baha berýärler. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli ädimlere oňyn bahalaryň berilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistan döwletini dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Sapargül ÝUSUPOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň bank işi we maliýe hünäriniň talyby.

“Nesil” gazeti,

01.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI