ILKINJI GÜN, ILKINJI ÜSTÜNLIKLER

AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY BADALGA ALDY

Käwagt türgeniň gowy netije görkezmegi onuň haýsy toparda çykyş edýändigine bagly hem däl. Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän nigeriýaly agyr atletikaçy zenan Çika Džoý Amalahany alyp göreliň. Dört ýyllap halkara ýaryşlara gatnaşyp bilmedik 21 ýaşly türgen sporta indi has uly güýç bilen dolanana çalymdaş. Adynyň 55 kilogramdaky zenan türgenleriň iň aşaky toparynda — D toparda görkezilýändigine garamazdan, ol türkmen paýtagtynda geçirilýän dünýä çempionatynyň ilkinji üstünlikleriniň birini gazandy. Ýogsam, şol gün — 1-nji noýabrda 55 kilogramda C topardaky agyr atletikaçylar hem ýaryşdylar. Ýöne 20-den gowrak türgeniň içinde iň ýokary netije, barybir, nigeriýaly agyr atletikaça degişli boldy. Ol umumylykda 202 kilogram agramlygy göterip, birinji günüň netijeleri boýunça zenanlaryň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesinde ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykdy. Dogry, bu agramda ýaryşlar tamamlananok. Şeýle-de bolsa, agyr atletika dört ýyl arakesme beren türgeniň gatnaşan ilkinji halkara ýaryşynda, onda-da dünýä çempionatynda günüň gahrymanyna öwrülmegi kiçi-girim üstünlik däl.

Şol gün edil şu agram derejede (55 kilogram) erkekleriň arasynda hem ilkinji ýaryşlar geçirildi. Ýöne erkekleriň arasyndaky ýaryş B toparda geçirildi. Eger zenanlaryň arasyndaky iň ýokary netije 202 kilograma ýeten bolsa, erkekleriň arasyndaky ýaryşyň iň pes netijesi 220 kilogramdan hem geçdi. Toparyň öňdebaryjylygyna bolsa italiýaly Serjo Massidda mynasyp boldy. Ştangany silkip götermekde 105, itekläp götermekde bolsa 131 kilogramlyk sepgitlere ýetip bilen italiýaly türgen umumylykda 236 kilogram netije görkezdi. Bu bolsa şu agram derejesinde günüň iň ýokary netijesidir.

Günüň ýaryşlary erkekleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesiniň C toparynyň ýaryşlary bilen tamamlandy. Çempionatyň görkana açylyş dabarasynyň yzysüre geçirilen ýaryşa 6 türgen gatnaşdy. Agram derejeleri artdygyça, asmana göterilýän kilogramlar hem artmak bilen bolýar. Bu gezek iň ýokary netije iki görnüşiň jemi boýunça 272 kilograma çenli baryp ýetdi. Şeýlelikde, çempionatyň ilkinji gününiň hem iň ýokary netijesine öwrülen bu sepgide ýaponiýaly agyr atletikaçy Hiroaki Takao ýetdi. 26 ýaşly türgen özüniň şahsy rekordyny hem täzeledi. Şu ýaryşa çenli onuň görkezen iň ýokary netijesi 268 kilogramdy. Bu agram derejedäki ýaryşlar dowam edýär. Ýaponiýaly türgeniň hormat münberinden orun alyp-almajakdygyny öňümizdäki günlerde bileris.

Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Onuň ilkinji medalçylary barada indiki makalamyzda gürrüň ederis.

Agageldi ITALMAZOW

“Nesil” gazeti,

03.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI