BEREKETLI TÜRKMEN TOPRAGY

JEÝHUNYŇ suwundan ganyp içen mes toprakly meýdanlar hasyl berekedini eçilýär. Amyderýanyň çep kenaryny ýakalap oturan Kerki etrabynyň ekin meýdanlaryndan ýylyň-ýylyna gallanyň, pagtanyň we şalynyň bol hasyly alynýar. Kerkili daýhanlaryň şaly ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplandyklary aýratyn bellärliklidir. Çünki «Şalynyňky suw bilen» diýilýär. Bir tarapdan Amyderýanyň, beýleki tarapdan Garagum derýasynyň süýji suwy bu toprakda daýhanlara şalydan bol hasyl almaga oňaýly şert döredýär. Şu günler şaly oragy möwsüminde gazanylýan oňyn netijeler hem bu hakykaty aňryýany bilen subut edýär.

Bu gyzgalaňly möwsüm kärendeçi daýhanlar üçin «Jüýje sanaşylýan» döwürdir. Şalyny ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler hem hasyl ýygymyna işjeň girişdiler. Bol hasylly meýdanlardaky «meýdan gämileriniň» hatary kärendeçileriň bu gymmatly ekiniň ýekeje dänesini-de yrýa etmän, çalt ýygnap aljakdyklaryna ynam döredýär.

Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde şu ýyl 140 gektardan gowrak meýdana şaly ekildi. Meýilnama boýunça kärendeçileriň 54-siniň kömegi bilen bu meýdandan 650 tonnadan gowrak hasyl alynmaly. Kärendeçiler öňde goýlan wezipäniň aňryýany bilen hötdesinden gelmek üçin yhlasly işleýärler. Olardan, Allanazar Amanow 2 gektar meýdandan 10 tonnadan gowrak, Baba Allakulow 1,9 gektar meýdandan 9,5 tonna, Güneş Döwletow 7,5 gektar meýdandan 35 tonnadan gowrak, Babamyrat Eýeberenow 2 gektar meýdandan 10 tonna golaý hasyl alyp, boýun alan borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler.

Döwletimiz tarapyndan türkmen babadaýhanlary üçin ähli amatly şertler we ýeňillikler döredilýär. Pederlerimiziň daýhançylyk kesp-kärine çuňňur hormat goýýan milli Liderimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny has-da ösdürmek, üýtgedip gurmak, kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak babatda giň gerimli işleri alyp barýar. Bu babatdan, taryhy ýylda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň, teklipleriň, oňyn çözgütleriň ählisi daýhanlarymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ykbalyny topraga baglap, ak ýürek bilen yhlasly zähmet çekýän daýhanlara ýerleri 99 ýyl möhlet bilen bermek, bölünip berlen ýerleriň 70 göterimine pagta we bugdaý ekinlerini ekip, 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge, şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri erkin bahadan satmaga rugsat berilmegi daýhanlar üçin ep-esli ýeňillikleri döredýär. Bu taryhy maslahatyň oňyn çözgütleri daýhançylyk bilen meşgullanmaga höwesli oba ýaşlarynyň ençemesini ýüze çykardy.

Etrabyň Gyzylaýak daýhan birleşiginde kärendeçileriň 53-si şaly ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Olar şu ýyl 120 gektar meýdandan 558 tonna hasyl almaga borçlanýarlar. Gyzylaýakly babadaýhanlardan Jora Çoýünowyň, Kaýum Esenowyň ýokary netijeleri gazanýandyklary hemmeleri buýsandyrýar.

Etrabymyzyň şaly meýdanlarynda ýygym işleri dowam edýär. Daýhan yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen bol hasyl yrýasyz ýygnalyp, Watanymyzyň harmanyny beýgeldýär. Şalynyň täze hasylyndan taýýarlanylan palawdyr dürli naz-nygmatlar bolsa, mukaddes saçaklarymyzyň berekedini artdyrar. Elbetde, bu asylly işlerde etrabyň ýaşlarynyň hem uly goşandynyň bardygy bizi diýseň buýsandyrýar.

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

06.11.2018ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1188 okalan

ENE HÜWDÜSI