Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalaryna bagyşlanan söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda taryhy ähmiýetli wakalaryň bolup geçýändigi, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändigi, her bir günümiziň şatlykly wakalara beslenýändigi, toýlaryň toýlara ulaşýandygy dogrusynda aýratyn gürrüň edildi. Çykyş edenler 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň dabaralarynyň «Soňky jaň» mynasybetli dabaralara, şeýle-de Türkmen halysynyň baýramynyň toý dabaralaryna ulaşyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny dünýä äşgär edendigini uly buýsanç bilen bellediler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar Watanymyzy ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň buhgalteri.