ÝAŞ TÜRKMENISTANLYLAR TÜRKSOÝ-NYŇ ÝAŞ ŞAHYRLARYNYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ LAUREATY BOLDULAR

Şu ýylyň 28 – 30-njy maý aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäherinde Türki dünýäsiniň döwletleriniň ýaş şahyrlarynyň birinji festiwaly geçirilýär. TÜRKSOÝ tarapyndan geçirilýän giň gerimli edebi döredijilik forumyna Azerbaýjandan, Wengriýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan halypa hem-de ýaş şahyrlar işjeň gatnaşdylar.

Festiwalyň meýilnamasyna laýyklykda, onuň çäklerinde Oş şäherinde gyrgyz halkynyň görnükli ýazyjysy Žolan Mamytowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi. TÜRKSOÝ tarapyndan ilkinji gezek geçirilýän ýaş şahyrlaryň festiwalynda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň şahyrlary ýörite tabşyrylan temalar boýunça öz şygyrlaryny okadylar. Erkin edebiýat agşamynda çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler, türki dünýäniň edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerini terjime etmek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Ýeri gelende bellesek, festiwalyň çäklerinde geçirilen maslahatyň dowamynda görnükli türkmen akyldary, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň terjimeçisi bilen duşuşyk hem geçirildi. Onuň dowamynda görnükli söz ussadymyzyň gyrgyz we türkmen dillerindäki şygyrlary okaldy.

TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary S.Raýew hem öz çykyşynda baý mazmunyly, köp öwüşginli türkmen edebiýaty, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dünýä halklaryny dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde, Türkmenistanda medeni diplomatiýanyň yzygiderli ilerleýändigi barada belläp geçdi.

Festiwalyň bäsleşikli tapgyrynyň netijesi boýunça, eminler toparynyň çykaran çözgüdine laýyklykda, 50-ä golaý gatnaşyjynyň içinden Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejebowyň ýolbaşçylygynda edebi çärä gatnaşýan «Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi Muhammet Bekgiýew we «Nesil» gazetiniň bölüm müdiri Daňatar Galpakow TÜRKSOÝ-nyň ýaş şahyrlaryň arasynda geçirilýän «Ýaşyl älem» atly bäsleşik-festiwalynyň laureaty bolup, Žolan Mamytow adyndaky halkara medal bilen sylaglandylar.

Ýaş türkmenistanlylaryň halkara festiwala gatnaşmagy we abraýly sylaga mynasyp bolmaklary Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaşlar hakynda edilýän aladanyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, döredijilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň we türki dünýäde medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurdumyz tarapyndan giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

«Türkmenistan»

Meňzeş habarlar