Şu gün paýtagtymyzdaky jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Zaman – Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy uly ruhubelentlige beslendi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek hem-de olary döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän hem-de oňa işjeň gatnaşan ýaşlara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we onuň ahyrynda Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer, häzirki zaman enjamlaryndan oňat baş çykarýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekde we olaryň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup kemala gelmeklerini üpjün etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, döwletli tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.