DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär. Gurama häzirki zamanyň ähliumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiligini has utgaşykly işlemäge bolan maksatlary özünde jemleýär. Bu sene her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga bolan tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr. Her ýyl däp bolşy ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda düýpli çäreler, ýowarlar we bag ekiş dabaralary geçirilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda giň gerimde bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanyşyklylykda hem wajypdyr. Tebigaty goramak ulgamynda derwaýys meseleleri çözmekde, Merkezi Aziýa sebitinde bolşy ýaly, tutuş dünýäde ekologik maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek bu strategiýanyň ähmiýetli ugrudyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Sebäbi, bu ugur Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa babatdaky abadan geljegimizi nazarlaýan parasatly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Azada ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar GuramasynyňDaşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

TALYP YLHAMY

Meňzeş habarlar

10 Iýun 2025 | 59 okalan

TALYP YLHAMY

10 Iýun 2025 | 47 okalan

TÜRKMENISTAN – GÖZEL MEKAN