Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Çynar» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Sagdyn nesil —bagtly geljek» atly şygar astynda surat çekmek boýunça çäre geçirildi.
Merkezde dynç alýan çagalar öz wagtlaryny diýseň şadyýan geçirip, bu ýerde labyzly okamakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, surat çekmekde, küşt oýnamakda, şeýle hem sport bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly geçen çärä işjeň gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Rustem HOJANEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar GuramasynyňAşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hasapçysy.