Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň, ýaş nesilleriň ylymly bilimli giň dünýä garaýyşly, ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri we olaryň millilik, ynsanperwerlik hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hasam aýratyn mana eýe boldy. Ynha bu günler hem bolsa tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär, Daşoguz welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde hem çagalaryň oňat dynç almaklary, ähli babatda kämilleşmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilen. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda şol merkezde «Watanymyzyň bagtyýar nesilleri» atly sportuň dürli görnüşi boýunça bäsleşik çäresini geçirdi. Bäsleşige gatnaşan bagtyýar nesiller Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyş sözlerini aýtdylar. Bäsleşige gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Wepa ESENOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň hünärmeni.