Türkmenistanyň küştçüleri häzirki wagtda dowam edýän «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda küşt oýnunyň rapid (çalt küşt) görnüşi boýunça bäsleşikde 3 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç bolmak bilen on medal gazandylar. Ýaryşa 11 ýurtdan 129 küştçi gatnaşyp, oglan-gyzlaryň arasynda üç ýaş toparynda (8, 10 we 12 ýaşa çenli) «iň güýçli» diýen at ugrunda bäsleşdiler. Ýeňijiler her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen, 15 minut wagt berilmeginde Şweýsariýa düzgünine laýyklykda oýnalan 9 tapgyryň netijelerine esaslanyp kesgitlendi.
Ildeşlerimiz 12 ýaşa ýetmedik gyzlar toparynda iň köp baýrak almak bilen, hormat münberini tutuş eýelediler. Ýaryş başlamazdan ozal, hünärmenleriň köpüsi bu toparda ýeňiji türkmenabatly Aýa Baýramowa bolar diýýärdiler, ol geçen ýyl Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen dünýä ýetginjekler çempionatynda 10 ýaşa çenli toparda küşt oýnunyň blis (ýyldyrym çaltlygyndaky küşt) görnüşi boýunça ýaryşynda bürünç medal, Taýlandyň Bangkok şäherinde geçen Aziýa çempionatynda 11 ýaşa çenli toparynda bolsa küşt oýnunyň rapid görnüşi boýunça kümüş medal gazandy.
Eýsem-de bolsa, umytlaryň tersine, ýaryşyň hakyky açyşy daşoguzly Dilber Hupbyýewa boldy. 7 oýunda ýeňiş gazanyp, 2 oýunda, şol sanda A.Baýramowa bilen-de deňme-deň oýnan, Daşoguz küşt mekdebiniň okuwçysy mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, altyn medala mynasyp boldy. Kümüş medala mynasyp bolan Aýa Baýramowa ýeňijiden bir utuk yza galdy. Baýrakly üçlügiň soňunda Aşgabadyň «Küşt Älemi» akademiýasynyň 6 utuk toplan wekili Nurana Söýünowa ýer aldy. Bu zehinli küştçiniň bir gezek küşt oýnuny terk edendigini bellemek gerek. Eýsem-de bolsa, ol ýarym ýyl arakesmeden soň sporta gaýdyp geldi we bürünç medal gazandy.
10 ýaşa çenli gyzlar toparynda Läle Wepaýewa («Küşt Älemi», Türkmenistan) ynam bilen öňde barýar. Ol 9 oýundan 8 utuk toplady (7 ýeňiş we 2 deňlik) we ikinji ýeri eýelän Zarina Nematjonowadan (Özbegistan) bir utuk öňe geçdi. Bürünç medala 6,5 utugy bolan Güneş Baýramowa (13-nji sport mekdebi, Türkmenabat) mynasyp boldy.
8 ýaşa çenli oglanlar toparynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna Çaryhekim Çaryýew («Küşt Älemi», Türkmenistan) çykdy. Açylyş tapgyrda onuň täjigistanly Murodali Saýfiýewden utulandygy, ýöne soň 8 ýeňiş gazanyp, birinji ýeri eýeländigini bellemek gerek. Kümüş medal gazanan Saýfuddin Erkinboýew (Özbegistan) ondan ýarym utuk yza galdy. Bürünç medal 6 utuk toplan Murodali Saýfiýewiň (Täjigistan) paýy boldy.
2024-nji ýylda küşt ýaryşynyň rapid görnüşi boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda 9 ýaşa çenli toparda kümüş medal gazanan Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň okuwçysy Maksat Öwlüýägulyýew türkmen toparyna 10 ýaşa çenli oglanlar toparynda ýene bir altyn medal getirip bilerdi. Ol 9 tapgyryň netijeleri boýunça 8,5 utuk gazandy. Biziň küştçimiz bilen deňme-deň oýnan Abdurahman Hajabowyň (Özbegistan) hasabynda-da hut şonça utuk bardy. Şeýle-de bolsa, goşmaça görkezijiler boýunça, özbek küştçüsi öňe saýlandy. Baýrakly üçlügiň soňunda 6 utuk toplan eýranly Saniýar Aşgar Hatir ýer aldy.
12 ýaşa çenli oglanlar toparynda 8 utuk toplan gazagystanly Günbatar Aziýanyň häzirki çempiony Nurassyl Primbetow ýeňiji boldy. Kümüş medaly ýarym utuk yzda galan Türkmenistanyň çempiony Alyhan Batyrow (Mary, Türkmenistan), bürünç medaly bolsa 6 utuk toplan Osman Hamrakulyýew (Aşgabat, Türkmenistan) gazandy.
8 ýaşa çenli gyzlardan altyn medaly mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina ynamly aldy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndan Bägül Jumaýewa ondan bir utuk yza galdy. Gazagystanly Amira Alemanowa bolsa 6 utuk bilen üçünji ýeri eýeledi.
Maksatnamanyň birinji görnüşiniň netijelerine görä, resmi däl toparlaýyn sanawda birinji orny 3 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazanmak bilen, Türkmenistan topary aldy. Ikinji ýeri 2 altyn we 2 kümüş medal gazanan Özbegistan topary eýeledi. Üçünji ýerde 1 altyn we 1 kümüş medal gazanan häzirki wagtda mümkinçiliklerinden pes çykyş edýän gazagystanly küştçüleri bar. Eýran bilen Täjigistanyň hersinde häzirlikçe bir bürünç medal bar.
Küşt oýnunyň rapid görnüşi boýunça ýaryşyň netijelerini jemläp, iki altyn we bir bürünç medal gazanan «Küşt Älemi» akademiýasynyň okuwçylarynyň Türkmenistan toparynyň üstünliklerine uly goşant goşandygyny bellemek gerek. «Aşgabat 2025» küşt boýunça halkara ýaryşyna taýýarlygyň çäginde «Küşt Älemi» akademiýasynyň ýolbaşçylary küşt oýunçylary üçin doly okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýola goýdy, bu-da gowy netijeler berdi.
Ýaryşyň jemleýji gününde küştçülere ikinji tapgyr – ýene-de 6 medal toplumy ugrunda küşt oýnunyň blis görnüşi boýunça ýaryşy garaşýar. Oýunlar aşa çalt görnüşde geçiriler, ýagny her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen, 3 minut wagt beriler.
Küşt boýunça halkara ýaryşy Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçýär. Oňa Wýetnamyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Tailandyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň küştçüleri gatnaşýarlar. Bu ýaryş Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurduň hökümetiniň goldawy bilen ýola goýuldy.
turkmenistan.gov.tm