Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda welosipedli ýöriş guraldy. Etrabyň sport mekdebine gatnaýan çagalaryň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň baş maksady ýaş nesli berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişdirmekden, welosiped sportuna bolan höwesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Etrabyň sport mekdebiniň çägi boýunça geçen we uly ruhubelentlige beslenen welosipedli ýöriş ýaş türgenleriň ussatdygyny aýan etdi. Bu ýöriş ýurdumyzda welosiped sportunyň meşhurlygynyň artýandygyny, ýaş türgenleriň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigini äşgär etdi. Şol gün sport mekdebiniň döwrebap enjamlaşdyrylan zallarynda sport görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.
Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.