EDEBIÝAT WE SUNGAT PARAHATÇYLYGYŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ NYŞANY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher we etrap Geňeşleri, Daşoguz welaýat Kitaphanasy bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Edebiýat we sungat parahatçylygyň we dost-doganlygyň nyşany» atly brifing, çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler Nurmyrat Saryhanowyň Şükür bagşy kitaby bilen bagly birnäçe gyzykly wakalar barada hem-de milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösüşi barada uly buýsanç bilen çykyş etdiler. Brifing çäresiniň dowamynda çärä gatnaşyjylar dürli kitap önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Çärä gatnaşan ýaşlar döredilýän mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 1 okalan

ÇAGALAR BAGYNDAKY ŞADYÝANLYK

24 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEBI AGŞAM GEÇIRILDI