Golaýda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şeýle-de muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak we olaryň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi we etrap Bilim bölümi bilen bilelikde Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda etrabymyzyň «Magtymguly Pyragy» muzeýinde «Hemişe we hemme ýerdir şol bir Magtymgulydyr...» atly döredijilik çäresi geçirildi.
Bu döredijilik çäresinde şygyr ýazmak bilen meşgullanýan ýaş mugallymlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerini wasp edýän şeýle-de ruhy halypamyz Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgularyny aýdyp berdiler. Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň görnükli sanawynda orun alan milli senedimiz bolan dutar saz guralynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň we edebiýatymyzyň hak Howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bägül BOÝALYÝEWA,
Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.