GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynda guramanyň ýaş hünärmenleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda gezelenç çäresi geçirildi.

Gezelenjiň dowamynda ýaş hünärmenler dag etekde ýerleşen seýilgähiň howasynyň jana şypaly, arassa bolmagy maşgala bolup dynç almaga oňaýly şert döredýändigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar ýaşlar üçin uly mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýa ŞÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

27 Iýun 2025 | 899 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

25 Iýun 2025 | 502 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI