KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň Köpetdag etrap tapgyry Aşgabat şäheriniň 85-nji orta mekdebiniň foýesinde geçirildi.

Bu gezekki etrap tapgyrynda yglan edilen her bir ugur boýunça tapawutly işleriň 3 sanysy saýlanylyp alnyp, Aşgabat şäher tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Saýlanan zehinli ýaşlara bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, zehinli ýaşlarymyz üçin döredilip berilýän ähli giň şertdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 20 okalan

KÖPETDAG ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 21 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Oktýabr 2025 | 12 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI