SPORT SAGDYN WE BERK BEDENLI BOLUP ÝAŞAMAGYŇ ESASYDYR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen Görogly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji sport mekdebinde «Sport-sagdyn we berk bedenli bolup ýaşamagyň esasydyr» atly sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Şu günler hem tomus paslynyň dynç alyş günlerinde etraplarda hereket edýän döwrebap sport mekdepleriniň köp adamly bolmagy ýaşlaryň wagtlaryny has-da täsirli geçmegine öziniň oňyn netijesini berýär. Ýaşlarymyzyň sporta höwesini artdyrmak, sagdyn jemgyýetiň berkarar bolmagyna goşant goşmak maksady bilen, türgenleriň arasynda dürli sport çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen guralan sport çäresine etrabyň sport bilen meşgullanýan ýaşlary gatnaşdylar. Dürli ýaşdaky sport ussatlaryny, höwesjeňleri, tälimçileri we türgenleri bir ýere jemlän bu köpçülikleýin sport çäresinde sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Sport çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzyň sport abraýyny belent derejelere çykarmakda taýsyz tagallalar edýän, ýaşlara sport bilen meşgullanmakda şertdir mümkinçilikleri döredip berýän halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Hudaýnazar MEREDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň başlygynyň wezipesini

ýerine ýetiriji.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 40 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 43 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 34 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY