WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, Görogly etrabynyň Zenanlar guramasy bilen bilelikde etrabyň Medeniýet öýünde ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligini, gyz-gelinleriň maşgala ojagyndaky ornuny wagyz etmek, millilige bolan buýsanjyny we söýgüni artdyrmak maksady bilen «Millilige, arassa ahlaga söýgi bagtyýarlygyň gözbaşydyr» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler türkmen zenanyna ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häsiýetler ýaraşýar diýip, enelerimizden miras galan gylyk-häsiýetleri ýaş gelin-gyzlarymyzyň özlerine endik edinmelidigini bellediler. Şeýle hem halkymyzyň sagdyn bolmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi terbiýelemekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Altyn ATAKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 21 okalan

PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

01 Iýul 2025 | 23 okalan

BAL SÜÝJI BALDAN-DA BALA SÜÝJI

01 Iýul 2025 | 18 okalan

TÜRKMENISTAN – AK BUGDAÝYŇ MEKANY