ŞANYŇ DOLDY GIŇ JAHANA BITARAP WATANYM!

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň işgärleriniň gatnaşmagynda gepleşik ýazgy edildi.

Çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, halkara derejesinde geçirilýän iri çäreler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen parahatsöýüjiligi hemra edinen oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigi hem-de häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýändigi barada buýsanç bilen beýan edildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň barha dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1037 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI