WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki 90-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Watan mukaddesligi milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň zerurlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mähriban AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Oktýabr 2025 | 7 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 77 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

16 Oktýabr 2025 | 79 okalan

«BIZ OWAZ BILEN»