GYZ-GYLYGY BILEN, OGUL–EDEBI BILEN

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşini, etrap zenanlar guramasynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň edara–kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Gyz–gylygy bilen, ogul–edebi bilen» atly wagyz–nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk häsiýetleriň mahsusdygy, ynsan durmuşynyň, jemgyýetçilik ýaşaýşynyň, üstünlikleriniň Watana, halka wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýandygyny aýratyn nygtap geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Abat MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň işgärler işi

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar