ÝAŞ HALASGÄR

Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berildi. Bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady halkara ülňülerine gabat gelýär. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň nurana gelejeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller hakyndaky edýän aladalaryň aýdyň güwäsi bolan bu dynç alyş merkeziniň sapaly goýnunda bagtyýar nesilleriň sesleri ýaňlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak»ýylynda Çagalar sagaldyş dynç alyş merkezindäki çagalaryň wagtlaryny has şadyýan hem gyzykly geçirmegini we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklaryny gazanmak, sporta höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, Daşoguz welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi bilen bilelikde «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Ýaş hälasgär» atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşik çekeleşikli we ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Bäsleşikde «Ýaş halasgär» hem-de «Watan ogullary» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesinde «Ýaş halasgär» topary çalasynlygy bilen tapawutlanyp birinji orna «Watan ogullary» topary bolsa höweslendiriji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan bagtyýar nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda «Bagtyýar nesil» sagaldyş dynç alyş merkezindäki çagalar bagtyýar nesillerimiziň döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp dynç almaklary üçin şertleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolmaklaryny arzuw etdiler

Derýa MAGSADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyňDaşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

BIZ ŞADYÝAN NESILLER

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 0 okalan

ÝAŞ HALASGÄR

04 Iýul 2025 | 1 okalan

BIZ ŞADYÝAN NESILLER

04 Iýul 2025 | 1 okalan

ÜLKÄM BESLENÝÄR GÖZELLIGE