GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Bagtyýar çagalyk» atly bäsleşik geçirildi.

Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşigiň dowamynda işjeň gatnaşan çagalara Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Merkezde dynç alýan çagalaryň dynç alyş günleriniň gyzyklylygyny we täsirliligini has-da artdyrmak maksady bilen aýdym aýtmak, goşgulary çeper okamak, kitap okamak, milli el işleri boýunça gurnaklar hereket edip, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Bilbil ANNAGURBANOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky IÝG-niň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 24 okalan

ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

01 Sentýabr 2025 | 13 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

01 Sentýabr 2025 | 56 okalan

BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR