Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda köçe ýol hereketiniň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Köçelerde welosiped sürmegiň tertip-düzgünleri barada maslahatlar berildi. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda çykyş edenler, giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän, asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat ABDYLWELIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.