Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilip, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.
Şeýle-de hasabatda ýurduň türgenleriniň 6 aýda halkara ýaryşlara gatnaşyp, 466 sany medal gazanandyklary bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegi, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli alyp barmagy, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi bilen döwrebap hyzmatlary ýola goýmagy, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmegi we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça netijeli işleri geçirmegi, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
turkmenportal