TÜRKMEN TALYPLARYNYŇ YLMY-OÝLAP TAPYŞLARY

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ýagty geljegimiz üçin tutanýerli okamaklary, bilim almaklary, döretmekleri, gurmaklary üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Şol mümkinçiliklerden mynasyp peýdalanýan, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dowam edýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde ösen tehnologiýalar esasynda täze döredijilik oýlap tapyşlary bilen tanyşdyrdylar.

Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň sergilän pawilýonydyr.

Bu ýokary okuw mekdebi Özbegistan Respublikasynyň Daşkent binagärlik-gurluşyk uniwersiteti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň A.N.Tupolýew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersiteti, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäheriniň general-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar instituty, Malaýziýanyň Sanweý uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama esasynda birnäçe ylmy-amaly maslahatlary, okuw saparlaryny guraýar.

Serginiň dowamynda bilim ojagy bilen Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy bu sanawyň üstüni ýetirdi. Bu bolsa bilim alýan talyplaryň geljekde has hem dünýä ylymlaryndan baş çykarmaklaryna hem-de ylmy-oýlap tapyşlarynyň sanynyň barha artmagyna getirer.

Ýokary okuw mekdebiniň 2-nji hem-de 4-nji ýyl talyplary Resul Nurmämmedow bilen Orazsähet Atamyradow 2 dilde, ýagny rus hem-de iňlis dillerinde gürleýän we çäkli sowal-jogap alyşmaga mümkinçiligi bolan robot oýlap tapypdyrlar. El telefonyna birikdirilen «Python» programmirleme dilinde ýazylan bu robot batareýa arkaly işleýär. Ol gürlemäge, ýöremäge we kellesini ses gelýän tarapa öwürmäge, ellerini hereketlendirmäge ukyply.

Ýaşlar ylmy-gözlegleri oýlap tapyp, döwletimiziň ylym-bilim kuwwatynyň ösmegine özleriniň goşandyny goşýarlar. Bizi buýsandyrýan zatlaryň biri hem şeýle robotlary türkmen ýaşlarynyň oýlap tapmak ukybyna eýedigidir. Zehinli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş oýlap tapyjylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlara ýokary hilli bilimiň berilýändigini, döwletimizde sanly bilim ulgamynyň barha kämilleşmegi ugrunda beýik işleriň alnyp barylýandygyny, talyp ýaşlaryň tejribeli hünärmenler bolup kemala gelmekleri üçin zerur işleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler.

turkmenistan.gov.tm