Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynda esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Watanymyzyň daýanjy, röwşen geljegimizi gurujylar hökmünde ýaşlaryň döwrebap şertlerde bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri barada hem yzygiderli tagallalar edilýär.
Ylym-bilimiň ösdürilmegi şu günümiz we röwşen geljegimiz bilen berk baglanyşyklydyr. Ylym-bilim ösüşleriň binýady hasaplanýar, döwrebap mümkinçilikleriň beýany bolup durýar. Ýaşlar bu günki günde ýurdumyzda guralýan ylym-bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyz diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem, dünýäde geçirilýän halkara bäsleşiklerinde çykyş edip, öz bilimleriniň, dünýägaraýyşlarynyň ýokary derejä eýedigini subut edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem ylym-bilim barada aýratyn beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Men mekdep okuwçylymyzyň döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna buýsanýaryn. Sebäbi kuwwatly döwletiň ösüşi ylym-bilim bilen baglydyr». Elbet-de ýaşlar — biziň ýagty geljegimiz, aýdyň ertirlerimizi gurujylardyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilimli ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýylda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary, bilim ojaklary sanardan kändir. Şeýle kämil bilim ojaklarynda bilim alýan ýaşlar giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Aslynda hem ylymly-bilimli bolmak türkmen halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndaky parasatly sözlerden, taryhy maglumatlardan has-da aýdyň göz ýetirýäris. Gadymdan gelýän şeýle asylly ýörelgelerimiz häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ýaşlara bilim öwretmekde we kämil hünärmenleri taýýarlamakda uly işler durmuşa geçirilýär.
Leýla AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.