Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Bu Olimpiýa hereketiniň ösmegine ýardam edýär.
Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary, welotrekler, sport mekdepleri we beýleki desgalar bina edildi we ulanylmaga berildi.
Häzirki wagtda türgenlerdir hünärmenleriň, tälimçileriň kämilleşmegi üçin täze usullar özleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän tagallalary türgenlerimiziň sporta bolan höwesinini artdyrýar.
Baýmyrat DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.