ÝOL UZASYN DOWAMA!

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna badalga berlende sere gelen setirler.

Döw­let­li döwranymyza nur çaýýan beýik işleriň gözbaşynda adam hakyndaky alada, nesiller hakdaky taýsyz taglymat dur. Gurmak, döretmek, bina galdyrmak ata-babalarymyzdan nesilme-nesil gelýän ýörelgedir, asylly däpdir. Ýol çekmek, köpri gurmak sogaply işdir. «Ýol» sözüniň özi giň düşünje. Ýol — il­kin­ji no­bat­da ýö­re­mek, men­zil aş­mak. Ýol — gat­na­şyk, hyz­mat­daş­lyk et­mek. Ýol — dost­luk, do­gan­lyk. Ýol — ug­ruk­dyr­mak, gö­nük­dir­mek. Ýol — ar­zuw-is­leg­le­ri­ňi dur­mu­şa ge­çir­mek. Heňňamlaryň gujagyndan gaýdýan şeýle rowana jümle bar: «Ýol çekeniň, köpri guranyň, agaç oturdanyň, kemally perzent ýetişdireniň iki dünýäsi abat bolarmyş». Ine, goja Garagumuň tyllaýy çägeleriniň arasynda gözüň düşüp duran şu gudrat şol pähimiň biziň zamanamyzda bir çugdam bolup jemlenendigi hakdaky hakykaty gulaga çawuş çakyp goýberýär. Ýol — ine, baş­lan­ýar. Köp­ri — ýol ug­ru­na gurulmaly. Aglaba ýeri Garagum derýasynyň ýakasy bilen uzajak ýoluň iki ýakasy, enşalla, gür baglyk, bossanlyk-lälezarlyk bolar. Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny depä täç edýän, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk zamanynda är gaýratyny görkezýän dogumly nesil bu ýollary, köprüleri gurar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gadymy Ýüpek ýoly täze many alýar — yk­dy­sa­dy Ýü­pek ýo­lu­na öw­rül­ýär. Diý­mek, bu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär. Diňe bir sebit üçin däl, dünýä ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Üstümizdäki ýylyň 24-nji ýanwarynda Aşga­bat — Da­şo­guz awtomobil ýo­lu­nyň 24-nji ki­lo­met­rin­de Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi munuň dünýä nusgalyk aýdyň mysalydyr. Bu ýol dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüljek rowaçlygyň ýoly. Bu ýol ýurdumyzyň logistik ulgamynyň ösmegine, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriň giňemegine oňyn täsirini ýetirjek ýol. Hal­ka­ra de­re­je­li Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, ýurdumyzda ulag-logistika babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň hatarynda bu taslamanyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşindäki ähmiýetini belledi. «Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny» ýylynda gurluşygyna badalga berlen taryhy taslamalaryň biri boljak täze ýoluň dabarasy unudylmajak joşgunly çykyşlar, aýdym-sazly çäreler bilen utgaşdy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ulag ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, birnäçe döwletler bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde geljegi uly bolan pudak. 600 ki­lo­metr uzyn­ly­gy bo­lan Aş­ga­bat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr infrastrukturasyny täze sepgitlere çykarmaga, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilendir. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzdan üstaşyr geçjek ýük gatnawlarynyň goňşy Özbegistana we ondan aňry Günorta-Gündogar, Azi­ýa — Ýu­waş um­ma­ny se­bit­le­ri­ne uzap gider. Şeýle-de bu ýol günbatarlygyna, ýagny Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýa-da howa ýollarynyň üsti bilen Ýewropa, Kawkaza dürli ýükleriň daşalmagyny tizleşdirer, wagty tygşytlar, Pars, Oman aýlaglaryna tarap has amatly, ýeňil, mydamalyk durnukly gatnawlaryň ýola goýulmagyna şert döreder. Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan taslama halkara we milli ülňülere laýyklykda ýokary hilli, döwrebaplaşdyrylan, garaz, ähli ulag zerurlyklary göz öňünde tutulyp, gurmak meýil­leş­di­ril­ýär. Bu ýol Aş­ga­bat — Da­şo­guz ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak ýorunja görnüşli çatrykdan başlanar. Umumy ini 34,5 metre barabar bolup, bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly, iki ugurda jemi sekiz zolak ýerleşdiriler. Taslama boýunça Aşgabat we Türkmenabat tarapynda her ugurda ýe­di zo­la­ga — je­mi on dört zo­la­ga hyz­mat edýän iki sany esasy we alty sany kiçi töleg merkezleri ýerleşer. Bu töleg merkezlerinde elektron geçelge petekhanalaryndan we nagt töleg petekhanalaryndan başga-da, gabaraly ulaglara hyzmat edýän petekhanalar bolar. Şeýle hem gyssagly geçilýän zolak hem-de dolandyryş binasy göz öňünde tutulýar. Aşgabat şäherinden Türkmenabat şäherine çenli aralykdaky ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň başynda Aşgabat şäheri tarapyndan ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi gurlar. Iki nokatda, iki ugurda biri-biriniň garşysynda jemi dört sany dynç alyş meýdançasy dörediler. Şonuň ýaly hem bu ýoluň ugrunda derýalaryň üstünden geçýän 4 sany köpri, demir ýoluň üstünden geçýän köprüleriň hem 4-si, awtomobil ýolunyň üstünden geçýän 22 sany köpri, haýwanlar üçin ýörite geçelgeler, pyýada ýolagçylar üçin, şeýle hem ähli zerurlyklary kanagatlandyrmak maksady bilen, dürli ölçeglerde jemi 76 sany ýerasty geçelge, suw akabalary, dereler we sil suwlarynyň ugurlaryndan kyrk iki sany köpri we dürli inlilikdäki suw geçirýän turbalar arkaly üç ýüz otuz sany geçelge gurlar. Şeýle-de suw, gaz, elektrik we beýleki üpjünçilik ulgamlary bilen kesişýän nokatlarda in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry üçin ge­çit­ler göz öňünde tutulýar. Zerur bolan tehniki hyzmatlar üçin yzygiderli öňüni alyş idegli işlerini ýerine ýetirjek on sany awtomobil ideg merkezleri meýilleşdirilýär. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýol hereketiniň dolandyryş ulgamy arkaly dolandyrylar. Onuň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýolundaky wideo kameralardan ýol gözegçilik gullugynyň esasy merkezine maglumatlar iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegine ýardam eder. Meteorologik maglumat bekediniň ulgamy arkaly ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugry boýunça yzgar, ýoluň ýüzüniň ýylylygy we gözýetim aralygy baradaky maglumatlar ýol gözegçilik merkezindäki dolandyryş otagyna iberiler hem-de bu ýerde gözegçilikde saklanar. Ýoluň iki tarapynda hem ýygy aralykda ýörite kartly telefon ulgamy ýerleşdirilip, ol ýol gözegçiliginiň esasy merkezindäki dolandyryş otagy bilen bagly bolar. Munuň üsti bilen ýolagçylara zerur bolan gyssagly hyzmatlar hem kömekler üpjün ediler. Mundan başga-da, bu ýoluň ugrunda ähli zerur bolan ugurdaş desgalar bina ediler. Döwrebap ýoluň ugrunda ýangyç guýujy beketler, tehniki hyzmat bölümleri, çaýhanalar, myhmanhanalar we beýleki zerur desgalar bi­na edi­ler. Bu bol­sa Aş­ga­bat — Türk­menabat awtomobil ýolunyň ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelmegini üpjün eder. Gurluşygy ýurdumyzyň telekeçilerine ynanylan bu ýoly hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti häzirki zaman ýoluň gurluşygyny amala aşyrar. Tasla­ma­da aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­ny 2019 — 2023-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da üç tap­gyr­da amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Birinji tap­gyr­da Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­ni 2020-nji ýylyň dekabr aýynda, ikinji tapgyrda Tejen — Ma­ry bö­le­gi­ni 2022-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da, üçün­ji tap­gyr­da Ma­ry — Türk­menabat bölegini 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. «Ýol gadyryn ýortan biler» diýlişi ýaly, ýene sanlyja ýyldan, nesip bolsa, bu ýoluň hözirini göreris. Ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin strategik taýdan wajyp bolan ýokary tizlikli bu awtomobil ýoly has giň möçberli hyzmatdaşlygyň aýdyň menzillerini açar. Bu ýol Owa­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Ýew­ro­pa ug­ru­ny dö­ret­jek La­zu­rit ge­çel­ge­siniň hem möhüm bölegine öwrüler. Gadymy hem dana türkmen kowmunda «Ýodany yzarlasaň ýola, ýoly yzarlasaň ile elter» diýen nurana pähim bar. Diýmek, Aziýanyň merjen şäherine öwrülen ak Aşgabatdan uzaýan dünýä derejeli ýol, Aziýa yklymynyň biline guşak bolar. Bu ýol ýollary ýola sepleşdirer, baran illerine bagt paýlar, rysgalyny goşalandyrar. Sebäbi kerwen baran ýere bagt bakýandyr. Bu ýol uly kerwenleri uzak menzillere atarjak ýoldur. Gahryman Arkadagymyzyň geljek nesilleriň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdiren giň möçberli özgertmeler ýoly ösüşleriň ýoludyr. Bu ýol bagtyýarlygyň hem rowaçlygyň ýoludyr. Bu ýol parahatçylygyň ýoludyr. Bu ýol nesilleriň dowamat ýoludyr.

Mähriban GANDYMO­WA,

“Nesil” gazeti,

26.01.2019ý.

Meňzeş habarlar