SAPAR TÄSIRLI GEÇDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýewden, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimowdan we Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazowdan ybarat bolan iş topary Belarus Respublikasyna iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 14-nji dekabrynda bolup geçen mejlisinde daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyzyň okuw we ýaşaýyş şertleri hem-de hal-ýagdaýlary bilen ýerinde tanyşmak, talyplar bilen wagyz-nesihat işlerini geçirmek boýunça beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen guralan bu iş saparynyň dowamynda Belarusiýa Respublikasynda ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynda ylym-bilim alýan türkmen talyp ýaşlary bilen duşuşyk geçirildi we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen içgin tanşyldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Witebskiniň P.Maşerow adyndaky döwlet uniwersitetinde 1241, Witebskiniň döwlet Lukmançylyk uniwersitetinde 285 , Witebskiniň döwlet tehnologik uniwersitetinde 260, Minskiniň döwlet lingwistik uniwersitetinde 311, Belarusyň Maksim Tanka adyndaky döwlet pedagogik uniwersitetinde bolsa 621 sany türkmen talyplary okaýar.

Türkmen wekiliýeti saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Belarusiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň ýakyndan ýardam bermegi bilen Belarus Respublikasynda türkmen ýaşlarynyň okaýan ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek duşuşyklaryň iş meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we işlenilip taýýarlanyldy. Meýilnama esasynda türkmen wekiliýeti ýokarda ady agzalan ýokary okuw jaýlaryna bardylar we ol ýerlerde iş topary ilki bilen uniwersitetleriň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş edip, Türkmenistandan gelip okaýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny aýratyn bellediler. Şu babatda ady agzalan ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplaryň giň gözýetimli bolmaklaryny gazanmak, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy-innowasion ösüşiň täze belentliklerine çykmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ylmy işler bilen meşgullanmagy, hem-de medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin toplumlaýyn çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdylar.

Türkmen wekiliýeti watandaş ýaşlarymyz bilen hem aýratyn duşuşyklary geçirip, olaryň okuwlary, hal-ahwallary bilen içgin gyzyklandylar.Duşuşygyň dowamynda talyplar milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere, mähriban Prezidentimiziň özleri üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine buýsanýandyklaryny hem-de milli medeniýetini we däp-dessurlaryny talyp deň-duşlarynyň arasynda giňden ýaýmak üçin dürli çäreleri geçirýändiklerini, şeýle-de belarus halkynyň medeniýetine, däp-dessurlaryna uly hormat goýýandyklaryny bellediler. Duşuşygyň dowamynda wekiliýetiň we talyplaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soraglar esasan talyplaryň okuwlaryny tamamlanlaryndan soň olaryň ýokary bilim hakynda alan resminamalarynyň ykrar edilmeginiň tertibine, ýokary bilimli ýaşlary iş bilen üpjün etmek meselesine, şeýle-de ýokary bilimden soňky bilimi almagyň tertibine degişli boldy. Talyplaryň beren soraglaryna wekiliýet tarapyndan kanagatlanarly jogaplar berildi. Duşuşykdan soň wekiliýetiň agzalary ýokary okuw mekdepleriniň degişli ýolbaşçylary bilen talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryna baryp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanyşdylar.

Iş saparyň dowamynda wekiliýet Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri bilen bilelikde amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de öňde durýan wezipeler boýunça maslahatlaşdylar we olara mundan beýläk hem işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar