Üstünlikleriň beýany taryha şöhrat, ykballara şan getirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmu şyny giň möçberli iş ler hem-de uly üstünlikler bezeýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent maksat edip goýduk» diýip belleýär. Bu sözler biziň ählimizi belent maksada birleş dirýär. Häzirki döwüre çenli ýurdumyzyň, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda göz öňünde tutulandan hem has köp iş leriň edilendigini ynamly aýdyp bilmegimiz döwrüň mümkinçilikleriniň ny şanydyr. Gurlup, ulanmaga berlen çagalar baglarydyr mekdepleriň, ýa şaýyş-durmuş maksatly binalar toplumlarynyň ak hem nurana hatarlary dünýä ýaň salýan iş lerdir.
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde uly gazhimiýa toplumynyň — karbamid önümçiligi boýunça zawodyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan täze ösüş lere gadam goýýandygyndan habar berýär. Bu desga häzirki zaman tehnologiýalary esasynda tebigy gazy gaýtadan iş lemäge hem-de dünýä hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze karbamid zawody «Gündogar — Günbatar» gaz geçiriji ulgamy boýunça gelip gowuş ýan çig maldan mineral dökünleri öndürer. Mineral dökünleriň önümçiligi boýunça bu zawodyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle mümkinçiliklere daýanan ýene bir desga hem Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň golaýyndaky täze gazhimiýa toplumydyr. Bu toplum ýylda bäş milliard kub metr gazy gaýtadan iş lemäge hem-de 386 müň tonna polietileni hem-de 81 müň tonna polipropileni çykarmaga niýetlenendir.
Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gazdan benzin almak boýunça iri zawodyň gurlu şygyny hem beýik iş leriň hataryna go şup bileris. Biziň ýurdumyzda tejribede ilkinji gezek tebigy gazyň uly möçberlerde suwuk ýangyjyň benzine öwrülmegi amala aşyrylar. Bu ýerde her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan iş leniler hem-de «Euro5» ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüş li benziniň 600 müň tonnasy çykarylar. Bu görkezijiler biziň ýurdumyzyň dünýäniň ösen senagat döwletleriniň hataryna üstünlikli go şulýandygyny görkezýär. Şeýle iri taslamalary üstünlikli durmu şa geçirýän döwletimiziň dünýäni haýrana goýýan taslamalarynyň biri-de TOPH gaz geçirijisidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýurdumyza köp möçberde girdeji bermekden baş ga-da, goň şy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer» diýen sözleri geljegimize nur ýalkymy bolup çaýylýar. Mälim bol şy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurlu şygyna badalga bermek dabarasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatna şyk geçirijisiniň hem düýbi tutulypdy. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň dünýä dolmagydyr. Bu taslamalaryň durmu şa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň belleý şi ýaly, ýurdumyza köp mukdarda girdeji girmek bilen birlikde goň şy halklaryň ojaklaryna ýyly, ýüreklerine türkmen dostanalygynyň mähri ýeter. Serhetabat — Turgundy türkmen-owgan demir ýolunyň çekilmegi bilen goň şy owgan halkynyň ykdysady hem-de bazar gatna şyklary görnetin gowulanar. Çünki ol öz önümlerini bu demir ýoluň üsti bilen daşarky bazarlara çykarmak, zerur bolan da şary ýurt harytlaryny getirmek üçin örän amatly şertlerden peýdalanar. Bu bolsa halkymyzyň gadymdan gelýän dostluk hem goň şuçylyk gatna şyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini, oňa täzeçe ýalkym çaýýandygyny görkezýär. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda gurlup, ulanmaga berilýän iri möçberli desgalaryň netijesinde ýaş- larymyz üçin iş orunlary döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaş lar baradaky döwlet syýasatynyň giňden dabaralanýandygyny görkezýär. Munuň şeýle bolmagynda bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bar.
Gahryman Arkadagymyz: «Ylmy-bilimi ösdürmezden, çyl şyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösü şine go şulmak asla mümkin däldir» diýip belleýär. Hut şonuň üçin häzirki wagtda mähriban Watanymyzda hünärli ýaş laryň, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek ugrunda bimöçber iş ler alnyp barylýar. Mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaş lar guramasynyň Merkezi Geňe şi ýaş lara döwrebap bilim bermäge we olary jemgyýetçilik iş lerine köpçülikleýin çekmäge çalyş ýar. Birnäçe bäsle şikleriň esasynda ýurdumyzyň ylymda, bilimde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaş lary Türkmenistanyň Ýaş lar baýragy, «Ýaş alym» diýen hormatly atlary we hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlary bilen sylaglanýar. Bu bolsa ýaş larymyzyň geljekde-de döwletimiziň ösüş lerine mynasyp go şant goş maklaryna hyjuw we höwes döredýär. Hut şeýle ýaş lar hem ýurdumyzda bina edilýän edara-kärhanalarda joş gunly zähmet çekýärler. 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaş magynda Türkmenba şy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň açylmagy hem diňe bir, Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň durmu şynda taryhy waka boldy. Bu Halkara deňiz porty ýurdumyzyň ykdysady, senagat we ulag ulgamynyň ösü şine, täze iş orunlarynyň döredilmegine kuwwatly itergi berdi. «Türkmenaýnaönümleri» önümçilik kärhanasynda dünýä hil ölçegine gabat gelýän önümler öndürilýär. Kärhanalaryň iş leriniň ýokary depginlerde alnyp barylmagynda ýurdumyzyň we da şary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan ýaş laryň öz goşandyny goşjakdygy buýsanjyňy go şalandyrýar. Bularyň ählisi döwrümizi bezeýän beýik iş leriň ýalkymydyr.
Döwre täzeçe pikirler, ösüş lere atarýan, dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrülýän baş langyçlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýär we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. 2018-nji ýylyň maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Funtowo obasynda Gahryman Arkadagymyzyň baş langyjy boýunça bina edilen 2 gatly 190 okuwça niýetlenen okuw toplumy hem aýdanlarymyza mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň her ýyl bagtyýar körpelerimiz bilen birlikde da şary ýurtly çagalaryň hem köp sanlysynyň biziň ýurdumyzda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge mümkinçilikleri döredip berýär. Geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz bagtyýar körpelerimize täze «Awaza» akwaparkyny sowgat etdi. Bu ýerde türkmen çagalary bilen birlikde da şary ýurtly raýatlaryň hem çagalary çagalygyň her bir gününi keýpihoş dynç almaga mümkinçilik alarlar. Onsoň şeýle ynsanperwer, asylly iş lere daýanýan milli Liderimiz döwletliligiň hakyky daýanjyna — halkyň Arkadagyna öwrülýär.
Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurduna öwrülen jan Watanymyz Türkmenistan üstünlikli geçirilen halkara derejeli sport ýaryş larynyň şaýady boldy. Bu ýary şa gatnaş maga gelen da şary ýurtly türgenler diňe bir ýurdumyzyň çyl şyrymly ýollaryny geçmek bilen çäklenmän, olar türkmen topragynyň tebigy hem taryhy ýadygärliklerine, türgenleriň hem da şary ýurtly žurnalistleriň dili bilen aýdanyňda «açyk asmanyň astyndaky özboluş ly muzeýe» täsin syýahaty baş dan geçirdiler. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň at-owazasynyň dünýä döwletlerinde ýaňlanmagyna getirdi. Şeýle-de türkmen sportunyň barha we barha rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi. Paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty bolsa da şary ýurtly hem-de türkmen türgenlerine täzeçe tejribe boldy. Türkmenistan sport baýramçylyklarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu bolsa türkmen ýaş larynyň sagdyn ruhly, berk bedenli kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Çünki döwri beýik iş leriň özi bezeýär. Hut şonuň üçin hem biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni beýik iş leriň döwri diýip atlandyrýarys. Goý, şeýle iş ler geljek ýyllarda hem dowamat-dowam bolsun!
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
“Nesil” gazeti,
29.01.2019ý.