Asyrlaryň dowamynda ýollar, köprüler örän ähmiýetli bolup, olar uzak aralygy ýakynlaşdyryp, halklary, kalplary birleşdirip, adamlaryň birek-biregi bilen gatnaşmaga bolan mümkinçiligini we höwesini artdyrypdyr. Dost-doganlygy pugtalandyryp, haýyrly işlere, tutumly maksatlara, şowlulyklara ugrukdyrypdyr. Adamzat durmuşynda şeýle ähmiýetli bolandygy sebäpli ata-babalarymyz çar ýana ýol çekmegi, akarlaryň üstünden köprüleri gurmagy sogaply işleriň hataryna goşupdyrlar. Gatnalýan ýollara ilkinji zerurlyk hökmünde garap, ýollaryň ugrundan päsgelçilik döretjek zatlary aýyrmagy, ýollary arassa saklamagy ahlak kadalaryna girizipdirler. Parasatly danalarymyz «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen we başga-da ençeme terbiýeçilik ähmiýetli pähim-paýhaslary döredipdirler. Ýakynlaryny uzak illere ugradanlarynda «Ýoluňyz ak bolsun!» diýip ýagşy arzuwumyt bilen «Ýol» sözüni adam atlaryna goşmak arkaly ýollaryň ähmiýetini we sarpasyny has-da beýgeldip gelipdirler.
Ata-baba asylly däp-dessurlara eýeren we goşant goşan meşhur hünärmen ussatlar ýol çekmegi, köpri gurmagy binagärligiň kämil derejesine çykarypdyrlar. Dürli ýükli kerwenleriň howpsuz gatnamagyny üpjün eden ol ýollar halkymyzyň we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady-söwda, bilim-ylym, medeni-durmuş gatnaşyklaryň ösüşlerini çaltlandyrypdyr. Bular babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýip beýan edilmegi hem güwä geçýär.
Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýol gurluşygy ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, kuwwatly üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmekde Türkmenistan öňdebaryjy dünýä tejribesini ugur edinip, ýol şahalaryny giňeltmäge jogapkärli çemeleşýär. Şu ýylyň 24-nji ýanwarynda dabaraly ýagdaýda badalga berlen ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň «Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak hakyndaky» Kararyna laýyklykda bu iri ýol gurluşygynyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy. Bu taslamany durmuşa geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge, onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Umumy ini 34,5 metre barabar bolan awtoban döwrebap köprüler arkaly derýalaryň, awtomobil we demir ýollaryň üstünden geçer. Onuň ugrunda dynç alyş we duralga meýdançalary, söwda, saglyk, aragatnaşyk we tehniki hyzmatlar üçin desgalar gurlar. Pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygy üçin ýerasty geçelgeler, mal-gara we suw geçirijileri göz öňünde tutulýar. Gurluşygy üç tapgyrda alnyp barlyp, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanjak kämil ýol awtoulaglar kerwenini Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we ondan deňiz ýoly arkaly alys ýurtlara çykmaga mümkinçilik döreder. 600 kilometre uzaýan ak ýoluň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna goşant goşar. Gurluşygyň barşynda we onuň işe girizilmegi bilen raýatlarymyz üçin iş orunlary açylar, şeýle hem bu ugurdan bilim alýan, ylmy iş bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň hünär kämilligini ýokarlandyrar.
Giň göwrümli taslamanyň gurulmagy ýurdumyzyň logistik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini we goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik döreder. Yklymda berk logistik aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berer. Aziýa ýol geçelgesiniň, ýagny Ýewropa we Aziýa yklymlaryny birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň möhüm hem-de döwrebap bölegine öwrüler. Şeýlelik bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän, oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistan üstaşyr we logistik merkez hökmünde öz eýeleýän ornuny berkidip, bu ulgamdaky ägirt uly kuwwatlyklaryny ählumumy abadançylyga gönükdirer.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen kabul edilen «Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünleri» awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň ýollarda arassaçylygy berjaý etmegi, ýol hereketiniň howpsuzlygyna päsgel berýän düzgün bozmalar hakynda degişli edaralara habar bermegi, awtomobil ýollaryna ýetiren zyýanynyň öwezini dolmagy, şeýle hem mal eýeleriniň mallary awtomobil ýolunyň ýörite bellenen ýerlerinden geçirmegi baradaky borçlary göz öňünde tutulýar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu çygyrda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, raýatlaryň saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Kanunda ýol hereketine gatnaşyjylaryň howpsuz şertlere bolan hukuklaryny durmuşa geçirmegi beýleki ýol hereketine gatnaşyjylaryň hukuklaryny çäklendirmeli ýa-da bozmaly däldigi baradaky kadalar berkidilýär. Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagy, şeýle hem ýol işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamynyň ösüşleri Aziýa sebitiniň dünýä ykdysadyýetine netijeli goşulmagyna ýardam eder. Gurlan we gurulýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara deňiz porty we howa menzili, polat we ýokary tizlikli awtomobil ýollary dost-doganlyk köprüsi hökmünde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagyna, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna netijeli hyzmat eder.
Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
31.01.2019ý.