YLYMLY ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ KUWWATY

Her bir mil­le­te mah­sus bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň-da mu­kad­des hasap­la­ýan ýö­rel­ge­le­ri bar. Köp­ri gur­mak, gu­ýy gazmak, ýap çek­mek, og­lan okat­mak, ylym öw­ren­mek ýa­ly ýö­rel­ge­ler ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri mu­kaddes ha­sap­lan­ýar. Ylym öw­ren­mek äh­li dö­wür­lerde-de äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­mändir. Hä­zir­ki dö­wür­de ylym has ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýetdi. Yl­my çeş­me­ler­de ylym adal­ga­sy­na şeý­le dü­şün­di­riş be­ril­ýär: Ylym — mu­nuň özi te­bi­ga­tyň, jem­gy­ýe­tiň we pi­kir­len­mäniň ösü­şindä­ki ka­nu­na­la­ýyklyk­lar ha­kyn­da­ky bi­lim­ler ul­gamy we daşky dünýä täsir ediş ýollary, şeýle hem bilim­le­riň aý­ry-aý­ry pu­dakla­ry­dyr. Umu­man, ylym ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de, yl­my-jem­gy­ýet­çi­lik, yl­my mek­dep, yl­my iş, yl­my usul, yl­my-bar­lag, yl­my ga­ra­ýyş ýa­ly söz­le­riň ylym dü­şün­je­si bi­len bag­la­ny­şygy­nyň bar­ly­gy­ny we onuň aý­ryl­maz bö­le­gi­di­gi­ni belle­mek ge­rek.

Ber­ka­rar döw­le­ti­miziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ylym­da gazan­ýan üs­tün­lik­le­ri Wa­tany­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar. Hor­matly Pre­zi­den­ti­miziň: «Häzir­ki wagt­da döw­let­le­riň ösü­şi­niň we aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy ylym ul­ga­myn­da­ky ýag­daý bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­lanyşyk­ly. Yl­my-bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­me­gin­e uly üns berýän is­len­dik ýurt­da yl­ma esas­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li or­naş­dy­ryl­ýar. Bu mak­sat­la­ra ýe­ter­lik de­re­je­de ma­li­ýe, mag­lu­mat, önüm­çilik we bi­lim se­riş­de­le­ri bölü­nip be­ril­ýär. Şo­nuň üçin hem şol ýurt­lar dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy orun­la­ry eýele­ýär­ler» di­ýip bel­le­me­gi hem ýe­ne bir ge­zek döwle­ti­mi­ziň öz­ge­ri­şi­ne yl­myň go­şan­dy­nyň näde­re­je­de­di­gine do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ata-ba­ba­la­ry­myz «Ylymsyz bir ýa­şar, ylym­ly — müň» di­ýen na­ky­lyň üs­ti bi­len ýaş­la­ry­my­za yl­my dün­ýä iç­gin ara­laş­magy öwüt-ne­si­hat edip­dirler. Yl­my-dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­lan­mak di­ňe bir dün­ýä de­re­je­sin­de bilim-ter­bi­ýe al­ma­gy­ňa däl, eý­sem, mak­sa­da ok­gun­ly­lygy, her bir işe dö­re­di­ji­lik­li çe­me­leş­me­gi, is­len­dik mese­lä­ni ba­tyr­gaý, mert­lik bilen çöz­me­gi, giň göz­ýe­timli bol­ma­gy, sag­dyn ös­me­gi, ök­de hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi öw­red­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň ta­gal­la­sy bi­len ýaş­la­ra yl­my-dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň mümkin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Zehin­li ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik göz­leg­le­ri­niň we çe­per­çi­lik me­ýil­le­ri­niň bar­ha ro­waçlan­ma­gy­na Türk­me­nis­tanyň Ylym­lar aka­de­mi­ýasy­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Merke­zi Ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş alym­lar mer­ke­zi­niň aý­ra­tyn or­na eýe bol­ýandy­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş alymlar mer­ke­zi Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­guly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­masy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi ta­rapyn­dan 2017-nji ýy­lyň 27-­nji ýan­warynda dö­re­dil­di. Türkme­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­demi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş alym­lar mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi­niň iki ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Täze döw­rüň alym­la­ry­ny kema­la ge­tir­mek­de Ýaş alym­lar mer­ke­zi­niň we­zi­pe­le­ri» at­ly ge­çi­ri­len yl­my mas­la­hat ýaşla­ryň ylym gi­ňiş­li­gin­dä­ki täze mö­hüm ädim­le­ri­niň özeni­ni düz­di.

Ýaş alym­lar mer­ke­zi häzir­ki wagt­da özü­niň meýil­na­ma­la­ýyn iş­le­ri­ni alyp bar­mak bi­len bir ha­tar­da, türk­men yl­my­nyň ösüş tary­hy­ny we hä­zir­ki za­man ga­za­nan­la­ry­ny öw­ren­mek, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tini ös­dür­mek bo­ýun­ça ylmy-in­no­wa­sion sy­ýa­sa­ty­ny, yl­myň ile­ri tu­tul­ýan ugur­lary bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan üstün­lik­le­ri, ylym ul­ga­my­nyň öňün­de du­ran we­zi­pe­le­ri wa­gyz et­mek we dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­mek, ýaş alym­la­ra, hü­när­men­le­re düýp­li we ama­ly äh­mi­ýet­li bar­lag­la­ry ge­çir­mek­le­ri­ne gol­daw ber­mek, yl­my edara-kär­ha­na­lar­da ýaş alymla­ryň­dyr hü­när­men­le­riň iş­le­ri­ni öw­ren­mek hem-de sel­jer­mek, ola­ryň öza­ra ylmy mag­lu­mat­la­ry alyş­makla­ry­ny gu­ra­mak, alym­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek, yl­my-in­no­wa­sion tas­la­ma­lary, yl­my-bar­lag iş­le­ri alyp bar­ma­ga, ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­ga gol­daw ber­mek ýa­ly iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ýaş alymlar mer­ke­zi­niň dü­zü­min­de he­re­ket ed­ýän Ýaş alym­lar Ge­ňe­şi­niň 50-ä go­la­ýy­nyň açyl­ma­gy ýaş­la­ryň yl­my göz­leg­le­re iç­gin gi­riş­megine ýar­dam ed­ýär. Ýaş alym­lar Ge­ňe­şi ýur­du­myz­da he­reket ed­ýän pu­dak­la­ýyn ylmy eda­ra­lar­da hem-de ýoka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň dü­zü­min­de dö­re­dil­di. Türkme­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­synyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi hemde Ýaş alym­lar mer­ke­zi bi­le­lik­de bir­nä­çe bäs­le­şikle­ri hem ge­çir­ýär. «Ylymly ýaş­lar — ber­ka­rar­ly­gyň bin­ýa­dy» at­ly yl­my tas­lama­la­ryň ser­gi bäs­le­şi­gi ýylyň-ýy­ly­na ge­çi­ri­lip, Ylymlar gü­nü­ne ba­gyş­lan­ýar. Bu bäs­le­şi­giň esa­sy mak­sa­dy ylym bi­len meş­gul bol­ýan ýaş­la­ryň öz­baş­dak iş­le­mek en­dik­le­ri­ni ös­dür­mek, döre­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny ýüze çy­kar­mak, ola­ryň esa­sy ders­le­ri öw­ren­me­gi­niň hili­ni we yl­my-bar­lag iş­le­re gat­naş­mak­la­ry­ny ýo­kar­landyr­mak, yl­my-bar­lag we önüm­çi­lik işi­ne çek­mek, ýaş alym­la­ryň yl­my-bar­lag mer­kez­le­rin­de alan bi­lim­leri­ni we en­dik­le­ri­ni ama­ly taý­dan ulan­mak­la­ry­na ýardam ber­mekdir. 2018-nji ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň 1012-si ara­ly­gyn­da Te­lea­ra­gatna­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we tele­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­rynyň «Türk­men­tel — 2018» at­ly XI hal­ka­ra ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de «Ýaş alym­lar — te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ulga­myn­da» at­ly bäs­le­şik geçi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň ilkin­ji «Türk­menÄlem 520 E» eme­li hem­ra­sy­nyň hyz­matla­ry­ny do­ly güý­jün­de ulanmak we oý­lap ta­pyş­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni önüm­çi­li­ge ornaş­dyr­mak, yzy­gi­der­li ulany­ly­şy ga­zan­mak hem-de ýe­ňi­ji bo­lan­la­ry sy­lag­la­mak ar­ka­ly gel­jek­de tä­ze usulla­ryň üs­tün­de iş­le­mek­li­ge hö­wes dö­ret­mek bu bäs­leşi­giň esa­sy mak­sa­dy bol­dy.

Ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çykar­mak­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­guly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­masy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de ge­çir­ýän Türkme­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň arasyn­da yl­my iş­le­r bo­ýun­ça bäs­le­şi­gi aý­ra­tyn bel­le­mek ýer­lik­li bo­lar. Bu yl­my bäs­le­şik Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2015-nji ýy­lyň 6-njy few­ra­lyn­da çy­ka­ran «Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­rynyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şik ge­çir­mek ha­kyn­da­ky» 14109-njy Kara­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­dumy­zyň ýaş­la­ry­nyň ylym­ly, bi­lim­li, Wa­ta­na, hal­ka wepa­ly, giň göz­ýe­tim­li, mak­sada ok­gun­ly, zäh­met­sö­ýer we öň­de­ba­ry­jy ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni, ýaş alymla­ryň tä­ze we in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri­ni, se­na­gat-in­no­wasi­ýa we mag­lu­mat-teh­no­logi­ki iş­läp taý­ýar­la­ma­la­rynyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ylym­da haly­pa-şä­girt­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ro­waç­lan­dyr­mak, in­no­wasi­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan, ba­şarjaň hü­när­men­le­ri taý­ýarla­mak­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len geçirilýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2015-nji ýy­lyň 13-nji no­ýab­ryn­da çy­ka­ran 14488-nji Ka­ra­ry bi­len tassyk­la­nan Türk­me­nis­tan­da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýaş­la­ryň arasyn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça bäs­le­şik 6 ugur — na­no­tehno­lo­gi­ýa­lar, hi­mi­ki teh­nolo­gi­ýa­lar, tä­ze ma­te­rial­la­ry öw­ren­mek we ener­ge­ti­ka; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry, komp­ýu­ter tehno­lo­gi­ýa­la­ry; hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk we der­man seriş­de­le­ri­ni ön­dür­mek teh­no­logi­ýa­la­ry; in­no­wa­si­ýa yk­dy­sady­ýe­ti; yn­san­per­wer ylym­la­ry bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär.

Ýaş­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öwren­me­gi, ylym we çe­per dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gullan­ma­gy üçin äh­li şert­leri we müm­kin­çi­lik­le­ri döred­ýän hem-de bu ugur­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.

“Nesil” gazeti,

02.02.2019ý.

Öňki makala

DOWAMATA DOWAM ÝOLLAR

Indiki makala

TÜRKMEN DOGRAMASY

Meňzeş habarlar