Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň gözel ýerinde Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi ýerleşýär. Ol dünýäde ak bugdaýyň şanyna gurlan ýeke-täk muzeý hasaplanýar hem-de binagärlik görki bilen göreni özüne çekýär.
2005-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen bu muzeý birnäçe sergi bölümlerini öz içine alýar. Binanyň birinji we ikinji gatlarynda arheologiýa, oba hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Garaşsyzlyk atly sergi bölümleri ýerleşýär. Şol bölümlerde taryhy eksponatlaryň üç müňden gowragy saklanýar. Gadymy Änewiň taryhy depelerinden gazuw işleri netijesinde tapylan, 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri muzeýiň esasy gymmatlygydyr. Bu bugdaý däneleri belli amerikan alymy Rafael Pampelliniň 1903-1904-nji ýyllarda ýurdumyzyň çäginde ilkinji daşary ýurtly arheologik ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edip, Änewde hem-de Mary sebitlerinde geçiren gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylýar.
Muzeýe ýurdumyzyň dürli ýerlerinden, şeýle-de daşary ýurtlardan syýahatçylar gelýärler. Türkmeniň gadymy ekerançylyk medeniýeti, ata-babalarymyzyň baý mirasy görenlerde uly täsirleri galdyrýar.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.