ŞATLYK- ŞOWHUNA BESLENIP, TÄZE ÝYLY GARŞYLAÝARYS

Toýlary toýa ulaşýan gözel ýurdumyzda her bir baýram uly dabara bilen geçirilýär. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 20-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurlan Baş arçanyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşmagy, şeýle-de Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy tutumly toýlaryň şatlyk-begenjiniň nyşany boldy. Ilki bilen sport toplumyna baran mähriban Arkadagymyza milli lybasdaky körpeler ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Bagtyýar döwrümizi, Wepalyny wasp edip, ýaýbaňlandyrylan ýaşajyk artistleriň joşgunly çykyşlary hemmelere ýakym paýlady.

Ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenen, paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen «Aşgabat 2017» oýunlarynyň şekili bolan Wepaly tutuş halkymyzyň, şeýle hem ýurdumyza daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň hakydasynda dostlugyň baş şekili hökmünde hemişelik galdy. Wepaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy şekili bolup, teleýaýlymlaryň üsti bilen dünýä ýurtlaryna ýaýrady. Ýetip gelýän 2018-nji ýyl Gündogar senenamasy boýunça it ýyly hasaplanylýar. Asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň öý-ojagynyň goragçysy bolan, wepalylygyň belent nusgasyna öwrülen, batyr alabaý her bir öýe haýyr-bereket getirýär diýen düşünje bar.

Milli Liderimiz körpeler bilen bilelikde baryp, milli don we telpek geýdirilen, Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklaryny saklap duran Wepalynyň heýkelini açdy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan körpelere Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Täze ýyl baýramçylygy bilen hemmeleri gutlap, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz asylly däbe görä ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň geçirilýän ýeri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada gurlan Baş arça geldi. Bu ýerde Täze ýylyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk baýramçylygyň merkezinde boldular. Dabara Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylary, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini bir ýere jemledi.

Ýaş nesil hakdaky ählitaraplaýyn aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, milli Liderimiz körpe nesilleriň abadan, bagtyýar durmuşy, sazlaşykly ösüşi, kämil bilim almaklary üçin şertlerdir mümkinçilikleri döredip berýär. Ýurdumyzyň körpe raýatlary öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek, döredijilik we sport bilen meşgullanmak, kämilleşmek üçin giň mümkinçilikleriň eýesi bolýarlar.

Körpe nesilleri ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz olara okuwlarynda üstünlik, gyşky dynç alyş möwsümini şatlykly geçirmeklerini, bagt we nurana arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Şatlyklary çäksiz joşgunly çagalara döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz körpeler bilen mähirli hoşlaşyp, baýramçylyk dabaralarynyň dowam edýän ýeri bolan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň jaýyna bardy. Bu ýerde mähriban Arkadagymyzy ruhubelent çagalar uly şowhun bilen garşylap, ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Dürli bezegler, köpöwüşginli yşyklandyryjylar arkaly bezelen Täze ýyl arçasynyň daşynda joşgunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýaşajyk türkmenistanlylar bilen daşary ýurtly diplomatlaryň çagalarynyň bilelikdäki dostlukly çykyşlary tutuş dünýäniň çagalarynyň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralar bilen utgaşdy. Çaga gülküsi belentden ýaňlandy.

Gözel görnüşe eýe bolan arçanyň daşynda görkezilen çykyşlar gadymy we baky juwan küştdepdi tansy bilen tamamlandy. Dabara tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dabara gatnaşyjylara Täze ýylyň bagta beslenmegini arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

23.12.2017ý.

Meňzeş habarlar