ARKADAGYŇ BEÝIK BAŞLANGYÇLARY

 Şu günler her bir täze zady ýagşylygyň ýarany diýip ýüze sylýan ilimizde şatlyk-şagalaň barha artýar. Ýetip gelýän Täze ýyl gujak açyp garşylanýar. Muňa mähriban ýurdumyzda geçen hepdäniň dowamynda bolup geçen şanly wakalar hem aňryýany bilen şaýatlyk edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň Milletler bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi hem şeýle wakalaryň biridir. Bu barada ýurdumyza Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän BMG-niň Baş edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy.

Hormatly Prezidentimiz dünýä ýüzünde iň derwaýys meseleleriň çözülmegi babatda yzygiderli aladalanýar. Ýer ýüzüniň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy gowulandyrmak hem şeýle strategiki meseleleriň biridir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň giň goldawa mynasyp bolmagy ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeldýär.

Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň çäginde bolup geçýän il bähbitli, dünýä ähmiýetli wakalar hem röwşen geljegimiziň kepilidir. 22-nji dekabrda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, onda ilimize gowşan hoş habar barada aýtdy hem-de ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty Aşgabatda ýa-da «Awazada» geçirmek barada teklipleri taýýarlamagy nygtady. Dünýä ähmiýetli işleriň şeýle meýilnamalary ýetip gelýän Täze — 2018-nji ýylyň hem başyny başlar. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen fewral aýynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berler. Şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy başlanýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň düýbi tutular. Serhetabat — Turgundy demir ýoly işe giriziler. Şu şanly meýilnamalaryň sebäbinde geçen hepde hormatly Prezidentimiz ady agzalan dostlukly ýurtlaryň Prezidentleri bilen telefon arkaly gepleşip, olary ýurdumyzda boljak halkara derejeli dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Geçen hepdede Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetini kabul etdi we olar bilen maýa goýum, ýangyç-energetika, elektroenergetika, demir we awtomobil ýollarynyň gurluşygy we hyzmatdaşlyklar babatdaky özara gatnaşyklar hakynda gürleşdi. Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde bolsa, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak hakynda maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimize Täze ýyl mynasybetli awtomobil we demirýol ulaglarynyň ýygjamlaşdyryljaklygy barada habar berildi. Orta synply we kiçi awtobuslary ulanyşa goýbermäge rugsat almak meselesi orta atyldy. Kerki, Daşoguz, Türkmenbaşy şäherlerine goşmaça demir ýol gatnawlaryny girizmek hakynda aýdyldy. Şeýle hem Aşgabat — Ýerewan — Frankfurt we yzyna hem edil şonuň ýaly täze howa ýoluny açmaklygyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Oýunlaryň şekili bolan Wepaly alabaýyň heýkeliniň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşdirilmegi ýetip gelýän it ýylynyň many-mazmunyny has hem baýlaşdyrýar.

Ýurdumyzyň köçeleriniň, edara-kärhanalarynyň öňündäki meýdançada Täze ýyl arçalarynyň şugla saçýan dürli yşyklara we jäjeklere beslenen şu pursadynda aýdym-sazyň belentden ýaňlanmagy hem il agzybirliginden, ýurt asudalygyndan nyşan. Ine, bosagamyzda duran it ýylynyň «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2017» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaňlanan şirin aýdymlar, ýakymly sazlar bilen garşylanmagy bagtyýarlygyň teswiri.

Geçen hepdede paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň töweregi örän köp adamly boldy. Bu ýerde guralan Baş arçanyň ýanynda geçirilen Täze ýyl baýramçylygyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy körpe nesilleri has hem begendirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz agtyklary bilen birlikde Söwda-senagat edarasynda guralan Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşdy. Bu dabara ýurdumyzyň resmi adamlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň döwletimizdäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň çagalary we agtyklary bilen gatnaşmagy dost-doganlyk gatnaşyklaryň egsilmez güýjüniň beýany boldy.

Hepdäniň şenbe güni toýlary toýa ulaşýan ýurdumyzyň paýtagtyndaky «Mizan» işewürler merkezi baýramçylyk lybasyna girdi. Bu binada Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabara Gahryman Arkadagymyz geldi we dabara gatnaşyjylara iň gowy Täze ýyl gutlaglaryny ýetirdi.

Şeýlelikde, halkymyzyň milli däp-dessurlaryndan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan, parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alynýan baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ajaýyp wakalara, toý-baýramlara beslenip, ýene-de bir şöhratly ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Ylahym, ýyllar düşümli bolsun! Rysgal-berekedi, döwletli döwranlary bilen ýurdumyza dolsun!

“Nesil” gazeti,

26.12.2017ý.

Meňzeş habarlar