Ak arzuwlaryň hem belent sepgitleriň baýramy

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda şanly seneler, milli we hünär baýramlary ýokary guramaçylykly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň erkinligini, parahatçylygyny we belent sepgitlerini dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda asylly däplere eýerýän halkymyz beýik ösüşleri nazarlap gelýän Täze ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, sport ýeňişleri bilen döwrebap garşylamaga taýýarlyk görýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz hökümet agzalaryna, ministrlikleriň ýolbaşçylaryna, welaýat, şäher häkimlerine baýramçylyk çäreleriniň milli däp-dessurlarymyza mahsus derejede geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine talaplary bildirýär. Ondan ugur alnyp, ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär, ilat köpçüligine ýokary hilli durmuş hyzmatlary amala aşyrylýar.

Zähmetsöýer, edermen halkymyz ýene-de sanlyja günden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2017-nji ýyly arka atar. Garaşsyz ýurdumyzyň her bir ýyly ýaly, agzybir il-ulsumyza ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş eden bu ýyl hem taryhyň sahypasynda mynasyp orun tutar. Adatça bolşy ýaly, biziň her birimiz ýyl çalşygynda geçen ýylyň täsirli, şatlykly pursatlaryny ýatlaýarys. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolsa, ýatdan çykmajak şanly we taryhy wakalaryň ençemesini ýatlamaga ýakymly many-mazmuna baý sahypalary ýadygär goýdy. Çünki uludan tutulýan, röwşen geljegi nazarlaýan, halkyň eşretli durmuşyna, umumadamzat bähbidine gönükdirilen işleriň wagty we täsiri kesgitsiz bolýar. Bu ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna goşant bolan işler barmak basyp sanardan köp boldy. Esasan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary türkmenistanlylaryň jebisligini, ýokary raýatlyk işjeňligini görkezdi. Myhmansöýer ýurdumyzda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary merjen paýtagtymyz Aşgabady dünýä tanatdy. Ata Watanymyzyň sport älemindäki ornuny pugtalandyrdy. Halkara sport baýramy döwletleriň we halklaryň agzybirligini, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabryny “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan edilmegi hem-de “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny” atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň we durmuşa geçirýän oňyn işlerimiziň umumadamzat ähmiýetlidigini ýene-de bir gezek bütin dünýä aýan etdi. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ählumumy asudalygyň we howpsuzlygyň saklanmagy ugrunda öňe sürýän teklipleriniň halkara hukuk kadalaryna öwrülip, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini görkezdi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi ýurdumyzyň energetika çygryndaky başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny subut etdi. Serhetabat — Turgundy täze polat ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi Türkmenistan bilen goňşy Owganystanyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we ynsanperwerligiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Aýdym aýtmagyň we tans etmegiň «Küştdepdi» milli sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä medeniýetinde mynasyp orun tutýandygyny tassyklady.

Tamamlanyp barýan ýylymyzda döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden dörän “Mertler Watany beýgeldýär”, “Mert ýigitler Watan üçin dogulýar”, “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur”, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly çuň many-mazmuna ýugrulan, çeperçilik ähmiýetli bezelen kitaplary halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy, köňül guşuny ganatlandyrdy. Sagdynlygyň ylmy çeşmesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik eseriniň 9-njy jildi halkymyz üçin saglyk serpaýly gollanma boldy. Şeýle hem “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň 10-njy jildinde ata Watanymyzyň ösüşleri bilen baglanyşykly maglumatlar öz beýanyny tapdy.

Gündogar müçenamasyna laýyklykda, tamamlanyp barýan takyk ýylynyň ornuny it ýyly çalyşýar. Täze ýyl halklar arasynda wepalylyk, çydamlylyk, duýgurlyk, hüşgärlik, gaýduwsyzlyk endikleri bilen ynsanyň ýakyn dosty hökmünde tanalýan it ýyly, biziň üçin alabaý ýyly bolup bosagamyzdan ätleýär. Ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän däplere görä, maşgala agzasyna deňelýän, düşbiligi bilen tapawutlanýan, maddy gymmatlygymyz bolan it rysgal-bereketliligiň we bolçulygyň nyşany hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Ussat seýwanlar uzak ýola çydamly we gije-gündiziň dowamynda dürli tebigy şertlerde hüşgär sakçylyk häsiýetli alabaý itlerini terbiýeläpdirler” diýip nygtaýşy ýaly, türkmen halky awçy, goragçy, söweşiji, harby maksatly itleri kemala getirmekde meşhurlyk gazanypdyr. Alabaý itini özüniň syrdaş dostuna, aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüp, onuň edermenligini, wepalylygyny halk ertekilerinde, rowaýatlarynda, matallarda şöhratlandyrypdyr. Şoňa görä-de, türkmen alabaýy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde kabul edildi. Türkmen halkynda üstünlige tarap erk-islegi, gaýduwsyzlygy alamatlandyrýan janawer, Wepaly ady bilen ata Watanymyzyň taryhyna gaýtalanmajak sahypany ýazdy. Milli geýimli, ýakymly we şadyýan görnüşli türkmen alabaýynyň şekili ýurdumyzda geçirilen sport baýramyna gatnaşmak üçin gelen myhmanlary garşylap, olaryň ýüreklerine mähir çaýdy. Şeýle hem oýunlara gatnaşýan türgenleri beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda it ýylynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji dekabrda Olimpiýa şäherçesiniň çäginde türkmen alabaýlarynyň hormatyna dabaraly ýagdaýda açylan Wepalynyň heýkeli üstünliklerimiziň özboluşly nyşany boldy. Gujur-gaýratly elleriniň birinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, beýlekisinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny buýsançly göterip duran Wepalynyň keşbi merjen paýtagtymyzyň keşbine gözellik goşup, binagärlik toplumynyň üstüni ýetirdi.

Ýyldyznamaçylaryň kesgitlemesine laýyklykda, geljek it ýyly tebigaty boýunça ýer, reňki boýunça sary, häsiýeti boýunça mylakatly, üýtgewsiz hasaplanmak bilen, ykbal galkyndyryjy ýyl bolar. Ite aýgytly hereketjeňligiň mahsus bolşy ýaly, geljek ýylda ertirki güne ynamly garap, özüniň we il-ulsunyň bähbidi üçin ýadawsyz zähmet çekýänlere üstünlikler we rowaçlyklar hemra bolar. Itiň durmuşda nusgalyk orun tutýandygy, onuň wepalydygy we hojalykçydygy üçin 2018-nji ýylda öý-ojaklarymyzyň binýady, maşgala gatnaşyklary has-da pugtalanar, her bir adama ruhubelentlik ýaran bolar. Adyllylygy alamatlandyrýan it ýylynda kanunylyk, ynsanperwerlik we demokratik ýörelgelere esaslanýan başlangyçlarymyz ählumumy howpsuzlygyň hatyrasyna, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen işleriň ilerlemegine oňaýly täsirini ýetirer. Itiň ugurtapyjylygyna, akyllylygyna görä, täze ýylda ylym, bilim we döredijilik işgärleriniň, şeýle-de oýlap tapyjylaryň işleri şowly bolar. Sagdynlykda, çalasynlykda we çeýelikde tanalýan Alabaý ýylynda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, hususan-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyryp, täze sepgitlere ýetmekde netijeli öňegidişlikler gazanylar.

Gündogar müçenamasynda her bir ýylyň jandar atlary bilen tapawutlandyrylýandygyna, ýyllaryň biri-birine meňzemeýän aýratynlygyna garamazdan, Täze ýyl baýramy biziň ählimize şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri bilen gurşap alýar. Uly-kiçi parhy ýok, hemme adamlaryň biri-birine ýurt parahatçylygy, il agzybirligi bilen ýagşy niýetleri arzuw etmegi, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy Täze ýyl baýramynyň ähmiýetini tapawutlandyrýar. Halk arasynda “Täze ýyl maşgala baýramçylygy”, “Täze ýyly nähili garşylasaň, ýylyň bütin dowamy hem şeýle bolýar”, “Köne ýyldan täze ýyla geçilýän gije arzuwlaryň hasyl bolýan gijesi” diýen aýtgylar bu baýramçylygyň özboluşlylygyny häsiýetlendirýär. Ruhubelent halkymyzyň, şadyýan çagalarymyzyň ýüzlerindäki begençli duýgulary, olaryň ýürek bilen bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän joşgunly aýdymdyr tanslary ýurdumyzyň asudalygyndan, ähli ynsanlaryň Täze ýyly şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan habar berýär.

Nesip bolsa, sanlyja günden mähriban halkymyz Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan eden 2018-nji ýyla gadam basar. Bu şygar ýurdumyzda milli mirasymyza sarpa goýulýandygyny, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap dikeldilip, ählumumy abadançylyga gönükdiriljekdigini, halkymyzyň her bir işde döredijilikli zähmet çekmäge hyjuwlydygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. Göwün göteriji şygara beslenjek Täze ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, diňe öňe batly gadam urýan Watanymyza beýik işler we ýeňişler, şanly wakalar we rowaçlyklar hemra bolar. Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eder. Bereketli topragymyz bol hasylly, agzybir halkymyzyň beýik işleri şöhratly, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolar.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet we hukuk institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

28.12.2017ý.

Meňzeş habarlar