Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň elektrik aragatnaşyk bölüminde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Hojambaz etrap elektrik aragatnaşyk bölümi bilen bilelikde guramagynda ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda “Sagdyn nesil — bagtyýar durmuş” atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Bu şöhbetdeşlikde alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen dünýä bileleşiginde uly abraýa mynasyp bolan Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, ylym, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanmagy, wagtyny netijeli, şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilýändigi, orta we ýokary mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, çagalar sagaldyş merkezleriniň, birnäçe sport toplumlarynyň döwrebap binalarynyň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilýändigi barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler.
Leýla AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.