Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, dünýäniň dürli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barmaga ukyply kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şol giň mümkinçilikleriň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň «Ýaş dilmaçlar we halypalar» atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga meýletinçilik bilen meşgullanýan dilmaç ýaşlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň daşary ýurt dillerini, diplomatiýany öwrenýän talyplary hem gatnaşdylar, şeýle hem olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde tejribelik hem geçdiler.
Duşuşykda çykyş eden ýaşlar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmek üçin daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti, bu ugurdaky täze mümkinçilikler, şeýle hem dil öwrenmegiň ýeňilleşdirilen sanly usullary barada çykyş etdiler. Olar ýörite sözlük programmalarynyň, sesli we wizual sapaklaryň, gepleşik platformalarynyň, şeýle hem enjamlar arkaly öwrenilýän grammatiki gurallaryň dil başarnyklary ösdürmekde ýokary netije görkezmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.
Duşuşyk gatnaşyjylaryň özara tejribe paýlaşmagy, dil öwrenmekde ýüze çykýan kynçylyklar we olaryň çözgütleri baradaky pikir alyşmalary bilen dowam etdi. Halypa hünärmenler bolsa, ýaşlara dil öwrenmegiň diňe bilim bilen çäklenmän, eýsem diplomatiýada, halkara gatnaşyklarynda, halkara jemgyýetçiligine çykylanda uly mümkinçilikleri döredýändigini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýän, olaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, ökde hünärmenler, hakyky Watançy nesiller bolup kemala gelmeginde taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Aýnabat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar
beriş bölüminiň esasy hünärmeni.