Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde, bilim edaralarynda täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim berilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 11-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelik bilen ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary 14—27-nji iýul aralygynda, maliýe-ykdysady ugurly hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resmi iş kagyzlary 14-nji iýul — 18-nji awgust aralygynda kabul edilýär. Häzirki wagtda okuwa kabul edilşikleriň resmi iş kagyzlary tabşyrmaklyk dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken degişli buýrugyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň geçen ýyllara garanyňda ýokary okuw mekdeplerine isleg bildirýän ýaşlaryň sany barha artýar. Şeýle hem Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanylmaga berilmegi täze hünärleriň girizilmegi muňa doly şaýatlyk edýär.
Ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi üçin ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.