Şygryýet meýdany – ussat suratkeşleriň jemlenen ussahanasyna çalym edýär. Bu ussahananyň ussalary – söz meýdanynyň ussatlary, reňkler bilen däl-de, çeper sözler bilen manynyň sazlaşmagynda ajaýyp eserleri emele getirýärler. Çeper sözleriň üsti bilen surat çekip, halkyň ýüregine girmegi başaran, ençeme goşgulary ajaýyp aýdymlara öwrülen, halypa hökmünde hem uly hormata eýe bolup, halkyň söýgüsini gazanan ussat şahyrlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowdyr.
Kerim Gurbannepesowyň döredijilik dünýäsi barada söz açylanda sadadan çeper, şonuň ýaly-da, islendik okyjyny özüne çekip bilýän, her bir adamyň hakydasynda gaty çalt orun alýan şygyrlary, uly göwrümli poemalary, ajaýyp aýdymlary döredip halkymyza ýadygärlik galdyrlyp giden ussat göz öňüňde janlanýar. Şahyry söz sungatynda suratkeşe meňzedilmegi ýöne ýerden däl. Kerim aganyň galamynyň astyndan çykyp, bagşy-sazandalarymyz tarapyndan aýdyma öwrülip häzirki günlerimizde hem söýülip diňlenilýän aýdymlaryň biri bolan «Apat» goşgusyny alyp göreliň:
Ýagşyny wasp etmek – şahyra adat,
Diňe adatam däl, hökmanlardandyr.
Gelinler içinde gördüm bir apat,
Ýok, apatam oňa gurbanlardandyr.
Maňlaýy bahardan ýasalan ýaly,
Ýaňagy säherden ýasalan ýaly,
Gabagy mähirden ýasalan ýaly,
Dodaklary şeker damýanlardandyr.
Gözleriniň agy – dünýäň gündizi,
Gözleriniň garasy gijäň tämizi.
Megerem şol ala gözleriň özi,
Gijäni-gündizi ýasanlardandyr.
Şu goşgy bentlerini okan okyjynyň ýa-da aýdymy üns bilen diňlän diňleýjiniň göz öňünde gözellikde, owadanlykda hem edep-ekramlylykda deňi-taýy bolmadyk türkmen zenanynyň keşbi janlanýar. Goşgynyň ilkinji bendinde aýdylşy ýaly «ýagşyny wasp etmeklik» her bir şahyryň adaty. «Her gülüň öz ysy bolýar» diýilişi ýaly, her bir şahyr hem öz başarnygyna görä ýagşylygy, gözelligi wasp edýär. Ýagşylygy, gözelligi sadadan gelen şirinlige ýugrulan ussatlyk bilen wasp etmek, gözelligiň, edep-ekramlylygyň söz bilen suratyny çekmek Kerim aganyň döredijilik çygrynyň örän giňdigini görkezýär. Baharyň, säheriň, mähiriň «şekillerini» bir türkmen zenanynyň keşbinde jemläp, setirlere ýerbe-ýer görnüşde ýerleşdirip bilmeklik örän ýokary derejede ussatlygy talap edýär. Şeýle çeperligi örän ýokary, sazlaşykly getirilen mysallary Kerim şahyryň döredijiliginden näçe getirseň getirip oturmaly. Umuman Kerim aganyň döredijilik meýdanyna girseň, gaýta-gaýta giresiň gelýär. Ol ýerden aňsat aýrylasyň gelmeýär. Şonuň üçin hem, köp şahyrlar, söz sungaty bilen gyzyklanýanlar Kerim agany öz halypasy hasaplaýarlar. Aýdyma öwrülen goşgulary häzirki döwürde hem ýaş aýdymçylar, bagşylar tarapyndan täzeçe öwüşginler çaýylyp ýerine ýetirilýär. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzyň iň bir gözel künjeginde ýerleşdirlen «Ylham» seýilgähinde halypa şahyr Kerim Gurbannepesowyň heýkeliniň oturdylmagy bu beýik halypa goýulýan hormatyň nyşanydyr.
Kemal SABYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.