ÝAŇLANSYN ELMYDAMA ÇAGA GÜLKISI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň we «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bilen bilelikde guramagynda «Ýaňlansyn elmydama çaga gülkisi»  atly sport çäresi geçirildi.

Sport çäresine gatnaşan çagalar öz ukyp başarnyklaryny, zehinlerini görkezip wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirdiler. Çärä gatnaşan çagalaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan körpe nesiller türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hajar GARRYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Indiki makala

MENIŇ WATANYM

Meňzeş habarlar

15 Oktýabr 2025 | 57 okalan

KITAP — BILIMLERIŇ AÇARY

14 Oktýabr 2025 | 66 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 115 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»