Ýakynda Mary welaýatynyň Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Mary şäher häkimliginiň, Mary şäher Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary şäher bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda şäherdäki edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmagynda «Yhlasly zenan öý-ojagyň ýylysy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda täsirli çykyşlara giň orun berlip, olar gatnaşyjylar üçin örän täsirli boldy.
Şeýle hem, duşuşykda Mary şäheriniň häkiminiň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary şäher bölüminiň başlygy Bahar Torumowa, Mary şäher kazyýetiniň kazysy Jeren Hojaýewa, Mary şäher Polisiýa bölüminiň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölüminiň gözegçisi Eneş Hudaýberdiýewa hem-de Mary şäheriniň ýaşaýjysy, mährem ene Gurbanbibi Hanowa çykyş etdiler. Olar zenanlaryň arasynda hukuk medeniýetini kemala getirmegiň, ýaşlaryň hukuk düşünjeliliginiň ýokarlanmagyny gazanmagyň, olary kanuna hormat goýmak we ony berjaý etmek ruhunda terbiýelemegiň uly ähmiýete eýedigi, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpanyň uludygy hem-de olaryň yhlasly zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Mundan başga-da maşgala mukaddesligi, zenan mertebesi babatynda hem täsirli gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze taryhy döwrümizde zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.