Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaş nesilleri türkmen halkynyň däp-dessurlary esasynda terbiýelemek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hem-de şäher Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şäheriniň 9-njy orta mekdebinde “Medeni mirasym — müdimi mirasym” atly gezelenç duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň bäş hünärmeni Selbi Çolukowa hem-de 9-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbangözel Annageldiýewa dagylar çykyş edip, olar öz çykyşlarynda taryhy we medeni ýadygärliklerimize aýap saklamakda türkmen ýaşlarynyň öňünde durýan jogapkärçiligi aýratyn nygtap, medeni ösüşleriň irki döwürlerden bäri halkyň ruhy gymmatlyklarynyň görkezijileri bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Selbi ÇOLUKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.