WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly etrabynyň 2-nji orta mekdebinde «Halk maslahaty— röwşen geljegiň kepili» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Aýgül Dodyýewa, Baýramaly etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulgözel Gulowa we mekdebiň kitaphanaçysy Jennet Durdyýewa dagylar çykyş edip, olar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler we kararlar barada giňişleýin gürrüň berdiler we umumymilli forumyň gün tertibindäki wezipeleriň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýe almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýgül DODYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 22 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 20 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 23 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM